3-nji sent­ýabr­da res­mi sa­par bi­len Mon­go­li­ýa­ ba­ran Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin mon­gol kär­de­şi Halt­maa­giýn Bat­tul­ga bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da rus-mon­gol hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ösü­şi, şeý­le hem se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Du­şu­şyk­da bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra, şol san­da, dost­luk­ly gat­na­şyk­lar hem-de köp ta­rap­ly stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­lar 1993-nji ýyl­da gol çe­ki­len dost­luk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ha­kyn­da­ky şert­na­ma esa­syn­da taý­ýar­la­nyp, he­mi­şe­lik hä­si­ýe­te eýe­dir.
Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki ýur­duň yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum­la­ryn­da­ky öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri, şeý­le hem, Mosk­wa­nyň we Ulan-Ba­to­ryň BMG-niň we Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de alyp bar­ýan bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Şeý­le hem ta­rap­la­ryň ara­syn­da Ulan-Ba­tor de­mir ýo­lu­ny kä­mil­leş­dir­mek, ener­ge­ti­ka ba­bat­da­ky tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak, şeý­le hem ha­sap­la­şyk­la­ry mil­li wal­ýu­ta­da ge­çir­mek ba­ra­da mas­la­hat edil­di.
– Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­myz ne­ti­je­li gep­le­şik­le­ri alyp bar­ma­ga, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni oňaý­ly çöz­mä­ge, ge­le­je­gi uly bo­lan tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär – di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri aýt­dy.
Mun­dan baş­ga-da Wla­di­mir Pu­tin – Mon­go­li­ýa bi­len köp ta­rap­ly ­gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi Rus­si­ýa­nyň Azi­ýa­da­ky äh­mi­ýet­li ta­ra­py­dyr – di­ýip bel­le­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky bir­nä­çe ýyl­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýär.
– Bi­ziň ýurt­la­ry­myz bi­lim ba­bat­da hem üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Mon­gol ta­ra­py­na mil­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da ýar­dam ber­me­gi­mi­zi do­wam e­d­ýä­ris. Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de 3 müň tö­we­re­gi Mon­go­li­ýa­nyň ra­ýa­ty bi­lim al­ýar – di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bel­le­di. Şeý­le hem ta­rap­lar bank ul­ga­my we oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Halt­maa­giýn Bat­tul­ga Wla­di­mir Pu­tin bi­len ge­çi­ren gep­le­şik­le­rin­de Rus­si­ýa bi­len Mon­go­li­ýa­nyň ­gat­na­şyk­la­ry­nyň wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen­di­gi­ni we öza­ra ynam ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di. Ol: – Bi­ziň halk­la­ry­myz he­mi­şe asu­da dur­mu­şy ber­ka­rar edip­dir­ler we iň kyn gün­ler­de bir-bi­ri­ne ýa­ran­lyk go­lu­ny uza­dyp­dyr­lar – di­ýip bel­le­di.
Rus­si­ýa Mon­go­li­ýa­nyň da­şa­ry söw­da­syn­da Hy­taý­dan soň, ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ge­çen ýyl iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 21 gö­te­rim ösüp, 1,65 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Soň­ky ýa­rym ýyl­da ol ýe­ne-de 11,8 gö­te­rim ösüp, 800 mil­li­on dol­la­ra çen­li art­dy.
Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­la­ýar. Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry Mon­go­li­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­me­gi ama­la aşy­ryp, onuň kuw­wat­lyk­la­ry­ny teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­ga gat­naş­ýar­lar. Şeý­le hem, se­na­gat we oba ho­ja­lyk ba­bat­da tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar ýa-da me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ser­het­ýa­ka et­rap­lar­yn­da bi­le­lik­dä­ki go­rag­ha­na­la­ry dö­ret­mek ba­ra­da hem gep­le­şik­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ra­ýat awia­si­ýa­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri iş­le­nip dü­zül­ýär.
Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Uh­naa­giýn Hu­rel­suh hem-de Be­ýik Döw­let Hu­ra­ly­nyň (Par­la­ment) baş­ly­gy Gom­bo­ža­win Zan­dan­şa­tar bi­len du­şuş­dy.
Rus­si­ýa­nyň we Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gep­le­şik­le­ri Rus­si­ýa­nyň Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de gu­ra­lan V Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­di. Pu­tun bi­len Bat­tul­ga­nyň bu gep­le­şik­le­ri 2019-njy ýy­lyň do­wa­myn­da eý­ýäm ikin­ji sa­par­dyr. Döw­let ýol­baş­çy­la­ry mun­dan ozal, 14-nji iýun­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gur­ama­sy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Rus­si­ýa – Mon­go­li­ýa – Hy­taý üç ta­rap­la­ýyn mas­la­ha­tyn­da du­şu­şyp­dy­lar. Bu sa­par Wla­di­mir Pu­ti­niň Mon­go­li­ýa üçün­ji sa­pa­ry­ bo­lup, öň bu ýurt­da 2000-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da we 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da sa­par­da bo­lup­dy.