Belgiýanyň hökümeti Antwerp portuny giňeltmek boýunça meýilnamalary makullady. Meýilnamada täze dokuň (gämileri abatlamak üçin port desgasy) gurluşygy göz öňünde tutulyp, deslapky hasaplamalara görä, konteýner dolanyşygyny 50 göterim artdyrar. Täze dok-bekede birnäçe goşmaça gämi duralgalary birleşdiriler. Bu barada Belgiýanyň hökümetiniň ulag ministrliginiň beýanatynda mälim edilýär.
Porty giňeltmek boýunça meýilnamalar köp wagtdan bäri maslahat edilip gelinýärdi. Hökümetiň tassyklan bu meýilnamasy portuň hyzmat ediş mümkinçiligini artdyrar. Portuň dolanyşygynyň 50 göterim artmagy, ýylda goşmaça 700 müň konteýneriň dolanyşygyna mümkinçilik döreder. Şelda derýasynyň çep kenarynda ýerleşýän täze dok häzirki Derganka doky bilen birleşdiriler. Portuň beýleki doklaryndaky goşmaça gämi duralgalarynyň ulanyşa girizilmegi hem hyzmat ediş mümkinçiliginiň artmagyna ýardam berer.
Meýilnama laýyklykda, onlarça ýyllaryň dowamynda ýykylyp aýrylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz duran Doel obasy hem indi halas edildi. Ýöne ulag ministri Ben Beýs obanyň abatlaýyş işlerine 1,5 million dollardan gowrak pul serişdesiniň gerek boljakdygyny aýtdy.