“Bloomberg” agentligi dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawyň öňüni “Walmart” (ABŞ) supermarket torunyň eýesi Waltonyň maşgalasy çekýär. Agentlik onuň baýlygynyň 190,5 milliard dollara deňdigini kesgitledi. Geçen ýyl Waltonlar 39 milliard dollar gazanypdyrlar.
Ikinji orny şokolad batonlary bilen uly meşhurlyga eýe bolan Forrest Marsyň maşgalasy eýeledi. Ýylyň başynda Beýik Britaniýada ýerleşýän “Mars” kompaniýasyna gözegçilik edýän Marslar 37 milliard dollar gazanyp, olaryň jemi baýlygy 126,5 milliard dollara ýetdi.
Nebit-himiýa korporasiýasy “Koch Industries”-e (ABŞ) ýolbaşçylyk edýän doganlar Çarlz we Dewid Koh üçünji orny eýelediler. Olaryň baýlygy geçen ýyl 26 milliard dollar artyp, häzir 124,5 milliard dollara ýetdi.
Dördünji orun Saud Arabystanyndan 100 milliard dollary bolan Al-Saudlaryň Patyşa maşgalasyna ýetdi.
Bäşinji orny parfýumeriýa öýi “Chanel”-iň (Fransiýa) eýeleri – doganlar Alen we Žerar Werthaýmerler eýelediler. Olaryň baýlygy 57,6 milliard dollara deňdir.
“Hermes” (Fransiýa) moda öýüne degişli bolan Dýumanyň maşgalasy altynjy orny eýeledi. (53,1 milliard dollar).
Piwo önümçiligi kompaniýasy “Anheuser-Busch InBev”-e gözegçilik edýän belgiýaly üç maşgala Wan Damm, Spulberh we De Meewius dagy ýedinji orunda ýerleşdiler. (52,9 milliard dollar).
“Boehringer Ingelheim” (Germaniýa) farmasewtika konsernine eýeçilik edýän Beringer we fon Baumbah sekizinji orny eýelediler. (51,9 milliard dollar).
Hindi senagat topary “Reliance Industries”-e eýeçilik edýän Dhirubhaý Ambani dokuzynjy orny eýeledi.
Azyk kompaniýasy “Cargill”-e eýeçilik edýän amerikaly Kargill we MakMillan dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawynyň onlugyny jemleýär. (42,9 milliard dollar).