4-6-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa­nyň Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de V Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ril­di. Bu iri forum Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ka­ra­ry bi­len 2015-nji ýyl­dan bä­ri guralýar.
Fo­ru­ma dün­ýä­niň 50-den gowrak ýur­dun­dan 5 müň tö­we­re­gi we­kil gat­naş­dy. Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, şeýle hem, Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di, Hy­ta­ýyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Prem­ýe­ri­niň orun­ba­sa­ry Hu Çun­hua, Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­hat­hir Mo­ha­mad, Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe we Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Halt­maa­giýn Bat­tul­ga gatnaşdy.
Uzak Gün­do­garyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek, bu sebitiň iri gaz tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek fo­ru­myň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar.
Wla­di­mir Pu­ti­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, hy­taý­ly hyz­mat­daş­lar Rus­si­ýa­nyň Uzak Gün­do­gar­da­ky yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de iň iri ma­ýa­dar­lar bo­lup, bu ýagdaý iki ýur­duň geo­syýasy bäh­bit­le­ri­ne doly la­ýyk gel­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe bu se­bi­tiň çäk­siz müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da du­rup geç­di. Ýa­po­ni­ýa we Rus­si­ýa me­ýil­na­ma bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de soň­ky 3 ýy­lyň için­de 200-den gow­rak bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­läp düz­dü­ler.
– Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinde uly gel­jek bo­lup, bi­ziň çäk­siz müm­kin­çi­lik­le­ri­miz üçin oňaý­ly şert­ler bar – di­ýip, Sind­zo Abe aýt­dy.
Hin­dis­tan bu fo­ru­myň çäk­le­rin­de ba­ha­sy 5 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan 50 tö­we­re­gi yla­la­şy­ga gol çek­di.
– Uzak Gün­do­gar ägirt uly te­bi­gy gor­la­ra baý bo­lup, ok­gun­ly ösüş üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär – di­ýip, Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ro Mo­di aýt­dy.