Lon­do­nyň “The Econo­mist Group” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Econo­mist In­tel­li­gence Unit” (EIU) şa­ham­ça­sy ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň amat­ly şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Sa­na­wyň ba­şy­nda tä­sin bi­na­gär­li­gi, gök ösüm­lik­le­re bü­re­nen­li­gi hem-de ga­dym­dan gel­ýän ka­fe­le­ri bi­len köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na ýerleşýär.
Onuň yz ýa­nyn­dan Mel­burn şä­he­ri ge­lip, Sid­neý, Osa­ka we Kal­ga­ri şä­her­le­ri “The Econo­mist In­tel­li­gence Unit”-iň bar­lag­la­ryn­da dün­ýä­niň ýa­şa­mak üçin iň oňaý­ly şä­her­le­ri­niň bäş­li­gi hök­mün­de öňe saý­lan­ýar­lar. Sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gyn­da, Ka­na­da­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Da­ni­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň şä­her­le­ri oňat ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. 2019-njy ýyl­da ýa­şa­mak üçin iň amat­ly şä­her­le­riň il­kin­ji on­lu­gy şeý­le ter­tip­de ber­lip­dir:
1. We­na (Awst­ri­ýa). 2. Mel­burn (Awst­ra­li­ýa). 3. Sid­neý (Awst­ra­li­ýa). 4. Osa­ka (Ýa­po­ni­ýa). 5. Kal­ga­ri (Ka­na­da). 6. Wan­ku­wer (Ka­na­da). 7. To­ron­to (Ka­na­da). 8. To­kio (Ýa­po­ni­ýa). 9. Ko­pen­ga­gen (Da­ni­ýa). 10. Ade­lai­da (Awst­ra­li­ýa).