Gruziýanyň içeri işler ministri Georgiý Gahariýa Respublikanyň Premýer-ministri wezipesine hödürlendi. Bu barada dolandyryjy “Gruzin arzuwy – demokratik Gruziýa” partiýasynyň başlygy Bidzina Iwanişwili mälim etdi. Gruziýanyň häzirki Premýer-ministri Mamuka Bahtadze golaýda özüniň işden gidýändigini mälim edipdi. Ol 2018-nji ýylyň iýunyndan bäri hökümete ýolbaşçylyk edýär.
GFR-iň kansleri Angela Merkel wezipesinden gidenden soňra, ylmy işleri ýazmak bilen meşgullanjakdygyny aýtdy. Nemes kansleri bu beýanaty hormatly ylmy dereje alan ýeri Leýpsigiň ýokary menejment mekdebinde geçirilen dabarada mälim etdi. Merkel bilimi boýunça fizikdir. Ol syýasatdan gitmek baradaky niýetini golaýda mälim edipdi. Ol Bundestagyň saýlawlaryndan soňra syýasy işler bilen meşgullanmagyny bes eder.
Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarellanyň ýurduň Premýer-ministri Juzeppe Konte tabşyrygy bilen Parlament wekilleriniň sanlarynyň köplügi esasynda täze hökümet guruldy. Täze hökümetiň ýakyn günlerde sosial ösüşi göz öňünde tutýan täze býujeti işläp düzmegiň üstünde işlemäge girişjekdigini Premýer-ministr belledi.
Dariga Nazarbaýewa ýene-de Gazagystanyň ýokary palatasynyň başlygy bolar. Golaýda bu wezipä onuň dalaşgärligini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew teklip etdi. Dariga Nazarbaýewa özüne bildirilen ynam we goldaw üçin hoşallyk bildirip, bu wezipäniň özi üçin uly hormat we jogapkärçilikdigini belledi. Dariga Nazarbaýewa – Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň uly gyzydyr.
Täze Zelandiýadaky kompaniýalaryň işgärleri 1-nji sentýabrdan başlap, aýlyk haklaryny kriptowalýutadan alyp başladylar. Ýurduň hökümeti bu baradaky karary makullady. Häzirki wagtda Ýaponiýada aýlyk haklary kriptowalýutada berilýär. Ol ýerde öýjükli pullar ýurduň kanuny töleg serişdesi hasaplanýar.