Is­pa­ni­ýa ala­mat­syz wi­rus bo­lan “ge­pa­tit C”-ni ýok et­mek bo­ýun­ça glo­bal gö­reş­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Adat­ça, “ge­pa­tit C” bag­ryň sir­roz we düw­nük ke­sel­le­ri­ne se­bäp bol­ýar. 2024-nji ýyl­da Is­pa­ni­ýa Is­lan­di­ýa­dan soň­ra bu ke­se­li ýok et­mek bo­ýun­ça gö­reş­de dün­ýä­de ikin­ji ýurt bo­lar. ABŞ-nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň luk­man­la­ry­nyň bir­nä­çe bar­lag mer­kez­le­rin­de ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Is­lan­di­ýa 2023-nji ýy­la çen­li bu ke­se­li kö­ki-da­ma­ry bi­len ýok et­me­giň höt­de­sin­den ge­ler. Şeý­le hem, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­ny bu ke­se­li 2030-njy ýy­la çen­li ýok et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­jer­gi­le­re se­riş­de goý­ber­mä­ge ça­gy­rdy.
Ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Is­pa­ni­ýa­da ge­pa­ti­te gar­şy ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re 2,5 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­len­den soň, şeý­le ke­se­le uç­ran­la­ryň köp san­ly­sy be­jer­gi alyp, ger­de­jik­le­riň kö­me­gi bi­len wi­rus­dan ha­las bol­ma­gy ba­şar­dy­lar.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hro­ni­ki “ge­pa­tit C”-den dün­ýä­de 71 mil­li­on adam ejir çek­ýär. Dün­ýä­niň 194 ýur­dun­dan 124-si­niň bu ugur­da anyk me­ýil­na­ma­la­ry bo­lup, ola­ryň 40 gö­te­ri­mi­niň bu in­fek­si­ýa­ny ýok et­mä­ge ni­ýet­le­nen se­riş­de­le­ri­niň ýok­du­gy mag­lu­mat­lar­da aý­dyl­ýar.