Gru­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti içe­ri iş­ler mi­nist­ri Ge­or­gi­ý Ga­ha­ri­ýa­ny ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne tas­syk­la­dy. Ol Par­la­men­tiň 150 we­ki­lin­den 98-si­niň gol­da­wy­na eýe bol­dy. Hö­kü­me­tiň tä­ze dü­zü­min­de di­ňe iki üýt­ge­şik­lik bol­dy. Gru­zi­ýa­nyň döw­let howp­suz­lyk gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­sy Wah­tang Go­me­lau­ri Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ni eýe­le­di, 2013-2015-nji ýyl­lar­da Prem­ýer-mi­nistr bo­lan Irak­liý Ga­ri­baş­wi­li bol­sa, go­ran­mak mi­nist­ri bol­dy.

Ge­or­gi­ý Ga­ha­ri­ýa te­le­ýaý­lymda eden çy­ky­şyn­da ýurt­da ka­bul edi­len da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na yg­rar­ly bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ýa­kyn­laş­mak ug­run­da has tiz we ne­ti­je­li ädim­le­ri ät­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 2-nji sent­ýabr­da Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­mu­ka Bah­tad­ze işin­den gid­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di. Gru­zi­ýa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri Ge­or­gi­ý Ga­ha­ri­ýa soň­ky ýe­di ýy­lyň için­de do­lan­dy­ry­jy “Gru­zin ar­zu­wy– de­mok­ra­tik Gruz­iýa” par­ti­ýa­sy­nyň bä­şin­ji hö­kü­met ýol­baş­çy­sy­dyr.
Ge­or­gi­ý Ga­ha­ri­ýa 1975-nji ýy­lyň 19-njy mar­tyn­da Tbi­li­si­ şä­he­rin­de do­gul­ýar. Ol 1994-nji ýyl­da Tbi­li­si­niň döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ryh fa­kul­te­ti­ni, 2000-nji ýyl­da M. W. Lo­mo­no­sow adyn­da­ky Mosk­wa­nyň döw­let uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­lan­dan soň­ra, bir­nä­çe we­zi­pe­ler­de iş­le­ýär. Go­laý­da “Gru­zin ar­zu­wy – de­mok­ra­tik Gruzi­ýa” par­ti­ýa­sy ony ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. Ga­ha­ri­ýa iň­lis we rus dil­le­ri­ni bil­ýär. Maş­ga­la­ly, bir gy­zy bar.