Ýaponiýada Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň tassyklanandygy barada ýurduň hökümetiniň baş sekretary Ýosihide Suga habar berdi. 2012-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Premýer-ministr Sindzo Abe ýurduň hökümetinde giň gerimli işgär çalşygyny amala aşyryp, 13 edaranyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň ýolbaşçylaryny belledi.
2012-nji ýylyň dekabrynda Sindzo Abeniň hökümetiniň düzümine giren Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýosihide Suga we maliýe ministri Taro Aso öz wezipelerinde galdylar. Sindzo Abe geçen ýyl Liberal-demokratik partiýanyň başlyklygyna üçünji gezek saýlanypdy.
Ministrlikleriň täze ýolbaşçylarynyň tanymal syýasatçylardygy bellenilip geçilýär. Ýaponiýanyň ozalky daşary işler ministri Taro Kono ýurduň goranmak ministri wezipesini eýeledi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini bolsa häzirki ykdysadyýeti ýola goýmak işleri boýunça ministr Tosimisu Motegi eýeledi. Ozalky Ministrler Kabinetinde ministr wezipesi bolan ýene-de iki adam hökümete gaýdyp geldi. Olar saglygy goraýyş, zähmet we maddy üpjünçilik ministri Kasunobu Kato we milli işler ministri Sanae Takaiti. Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Dzýunitiro Koidzuminiň ogly Sindziro Koidzumi daşky gurşawy goramak boýunça ministri bolup, ilkinji gezek ýapon hökümetiniň agzasy boldy. Sindziro Koidzumi ýurduň Ikinji jahan urşundan soňky taryhynda erkek kişileriň arasynda iň ýaş syýasatçy hökmünde Ministrler Kabinetiniň düzümine girdi. Ministrler Kabinetiniň täze düzümi ýurduň Imperatory Naruhito tarapyndan tassyklanyp, resmi taýdan işe başlady.