Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hö­kü­me­ti 2030-njy ýy­la çen­li sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň 10 gö­te­ri­mi­ni üp­jün et­jek­di­gi­ni öňe sür­ýär­. Ýurt bu maksat bilen, tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk wi­za­sy­ny gi­ri­zýär, onuň da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­mek­de uly hyz­ma­ty­nyň bol­jak­dy­gy­na bil bag­la­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da sa­ud­ly­lar her ýyl­da ýur­duň da­şyn­da 26 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki pu­ly dür­li mak­sat­lar üçin sarp ed­ýändigi anyklandy.
ABŞ-nyň se­ýil­gäh gur­luşygy bi­len ta­nal­ýan “Six Flags” kom­pa­ni­ýa­sy Sa­ud Ara­bys­ta­ny bi­len “Qid­diya” tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gol çek­di. “Qid­diya” tas­la­ma­sy Er-Ri­ýad­dan 40 ki­lo­metr uzak­da gu­rul­ýan “güý­men­je­li su­per­ şä­her­dir”. Bu tas­la­ma Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da­ky iş­le­nip dü­zül­ýän iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lup, onuň müň­ler­çe iş orun­la­ry­ny dö­ret­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýa­şy 2 müň ýyl­dan gow­rak bo­lan ga­dy­my Al-Ula şä­he­rin­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk­dan gel­ýän gir­de­ji­ler ýurduň je­mi içer­ki önü­mi­niň 2 gö­te­rim tö­we­re­gi­ni düz­ýär. Ýö­ne pa­ty­şa­lyk bu gir­de­ji­le­ri has-da art­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň sy­ýa­hat­çy­ly­gy hä­zir­ki wagt­da di­ňe her ýyl­da haj par­zy­ny ama­la aşyr­mak üçin ýur­da gel­ýän mil­li­on­dan gow­rak zy­ýa­rat­ça bag­ly bo­lup dur­ýar. 2030-njy ýy­la çen­li onuň 30 mil­li­on zy­ýa­rat­ça çen­li art­ja­gy çak edil­se-de, hö­kü­met da­şa­ry ýurt­lu­lar üçin tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk wi­za­sy­nyň gi­ri­zil­me­gi­niň sy­ýa­hat­çy­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýär.