Mü­sü­riň paý­tag­ty Ka­ir­de 9-12-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da “SA­HA­RA 2019” at­ly 32-nji hal­ka­ra oba ho­ja­lyk ser­gi­si geçirildi. Oňa Mü­sü­rden, Is­pa­ni­ýa­dan, Ita­li­ýadan, Tür­ki­ýeden we beý­le­ki ýurt­la­rdan 210-dan gow­rak, şol san­da, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­ndan 73 kom­pa­ni­ýa gat­naş­dy.
Bu ser­gi Kai­riň hal­ka­ra ser­gi mer­ke­zi­niň 35 müň ine­dör­dül metr tö­we­re­gi meý­da­ny­nda ýaýbaňlandyryldy. Ser­gä gat­naş­ýan hy­taý kär­ha­na­la­ry dö­kün hem-de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni hö­dür­le­diler.
Ta­ry­hy müň­ler­çe ýyl­la­ra uza­ýan Mü­sü­riň oba ho­ja­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Sa­ha­ra ser­gi­si 1987-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl­da ge­çi­ril­ýär. Bu serginiň oba hojalygyny ösdürmekde De­mir­ga­zyk Af­ri­ka we Ýa­kyn Gün­do­ga­r ýurtlary üçin uly ähmiýeti bar.