8-nji sentýabrda Russiýanyň 85 sebitiniň ählisinde ses berlişigiň ýeke-täk güni geçirilip, onda esasan, Moskwanyň şäher geňeşiniň we gubernatorlaryň saýlawlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. 5 müňden gowrak dürli derejedäki ses berlişikler, şol sanda sebitleriň 16 gubernatorynyň, 13 sebitiň ýerli kanun çykaryjy geňeşiniň wekilleriniň, administratiw merkezleriň 22-siniň şäher geňeşiniň wekilleriniň, 3 sebit merkeziniň meriniň saýlawlary geçirildi. Birmandatly 4 okrugyň ýaşaýjylary Döwlet dumasynyň wekillerini saýladylar. Ses berlişigiň netijelerine görä, jemi, 47,6 müň mandat belleniler.
Şeýle hem Moskwanyň şäher geňeşiniň ýedinji çagyrylyşyna – Russiýanyň paýtagtynyň döwlet häkimiýetiniň iň ýokary kanun çykaryjy edarasyna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlar mažoritar ulgam boýunça geçirilip, bir mandatly 45 okrugda 45 wekil saýlandy. Wekiller 5 ýyl möhlet bilen saýlandylar.
Moskwa şäheriniň saýlaw komissiýasynyň başlygy Walentin Gorbunow şäher geňeşiniň ýedinji çagyryşynyň wekilleriniň saýlawlaryna gatnaşygyň 21,77% bolandygyny habar berdi. Ol dalaşgärligini özbaşdak hödürlänleriň Moskwanyň şäher geňeşine saýlawlarda 45 orundan 26 orna eýe bolandyklaryny belledi.
– Bu saýlawlarda jemi 45 orundan 13-si Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasynyň dalaşgärlerine, 3-si “Ýabloka” partiýasynyň wekillerine, ýene 3-si “Adalatly Russiýa” partiýasynyň dalaşgärleriniň paýyna düşdi. Galanlary bolsa, dalaşgärligini özbaşdak hödürlänlerden ybarat – diýip, Gorbunow aýtdy.
Saýlawlardan öň, oňa 225 dalaşgär bellige alnyp, olardan 58-si dalaşgärligini özbaşdak hödürlänlerdir. “Russiýa Federasiýasynyň kommunistik partiýasy”, “Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasy”, “Adalatly Russiýa”, “Raýat güýji”, “Ýabloka”, “Russiýanyň kommunistleri”, “Ýaşyllar” we “Ösüş partiýasy” ýaly partiýalardan dalaşgärler hödürlendi.