Hytaý we Russiýa özara hyzmatdaşlygyny has-da berkider. Bu barada rus-hytaý gatnaşyklaryna Moskwanyň beren ýokary bahasyndan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Gen Şuan mälim etdi.
– Hytaý we Russiýa döwlet ýolbaşçylarynyň gazanan ylalaşyklary esasynda, özara hyzmatdaşlygyny artdyryp, bilelikdäki tagallalaryny, strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkider, umumy bähbitlerini, şeýle hem, sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşar – diýip, Gen Şuan aýtdy.
Şu günki günde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir syýasy ugurda däl, eýsem, ykdysady ugurda hem işjeň ösdürilýär. Eýýäm, ýylyň ahyrynda bäş ýyl mundan ozal gurluşygyna girişilen “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa gaz eksporty başlar diýlip garaşylýar.
“Sibiriň güýji” Russiýanyň Saha (Ýakutiýa) Respublikasyndan Primorýe ülkesine we Aziýa – Ýuwaş umman sebitine gaz ugratmak üçin gurulýan magistral gaz geçirijisidir. Ol Russiýanyň “Gazprom” hem-de Hytaýyň CNPC kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamasydyr. Onuň uzynlygy 2158 kilometr, turbanyň diametri 1420 mm, eksport kuwwaty – ýylda 38 milliard kub metr gaza deňdir. Meýilnama laýyklykda, gaz geçiriji arkaly gazyň ugradylyşyna şu ýylyň 1-nji dekabrynda başlanmagy göz öňünde tutulýar.