Is­pa­ni­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky “Picos de Eu­ro­pa” dag ge­riş­le­ri­niň ete­gin­de ýer­leş­ýän ki­çi­jik Asie­gu at­ly şä­her tip­li oba “2019-njy ýyl­da As­tu­ri­ýa we­la­ýa­ty­nyň nus­ga­lyk oba­sy” di­ýen hor­mat­ly at be­ril­di. Bu oba ýur­duň we­la­ýat­la­ry­nyň we şä­her­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­ny bu ýe­re çe­kmegi ba­şar­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Soň­ky wagt­lar beý­le­ki şä­her tip­li oba­lar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, bu ýe­re bir­nä­çe ýaş maş­ga­la­lar gö­çüp gel­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Asiegu obasynyň ta­ry­hy man­za­ryna aýaw­ly çe­me­le­şi­lip, onuň ozal­dan gel­ýän bi­na­gär­lik keş­bi go­ra­lyp sak­lan­ýar. Bu bol­sa “Oba sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň” muş­dak­la­ry­ny bu ýe­re çek­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.