Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (China National Petroleum Corp./CNPC) girdejileri 3,6% artyp, 28,42 milliard ýuana deň boldy.
Amaly girdeji 4,9%, ýagny 70,66 milliard ýuan artyp, satuwdan giren pul 6,8%, ýagny 1,2 trillion ýuana (168,1 milliard dollar) deň boldy diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär. Uglewodorodlaryň alnyşy ýylyň birinji ýarymynda nebit ekwiwalentiniň (+ 5,5%) 674 million barrelinden ybarat boldy. Şol sanda, daşary ýurtlarda çykarylyşy 8,1%, ýagny nebit ekwiwalentiniň 105 million barreline deňdir. Nebit önümleriniň satuwy 89,91 million tonnadan ybarat bolup, şunuň bilen birlikde, tebigy gazyň satuwy 23,5%, ýagny 125,27 milliard kubmetre deň boldy.
CNPC Aziýanyň iri nebit kompaniýasynyň paýnamalary biržada görkezilmese-de, onuň “PetroChina” ýaly golçur kompaniýalarynyň paýnamalary Gonkongda we Şanhaýda bellige alnandyr.