Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­da ABŞ-nyň se­na­ty ýur­duň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li we­zi­pe­si­ne Kel­li Kraf­tyň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­lap­dy. Şon­da Kraf­ta 56 ses be­ril­di, 34 se­na­tor bol­sa, onuň da­laş­gär­li­gi­ne gar­şy ses be­rip­di. ABŞ-nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Nik­ki Heý­li 2018-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da bu we­zi­pe­den çe­ki­lip­di. Şondan soň bu wezipäni amerikan dip­lo­maty Jo­na­tan Ko­en wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp şu ýy­lyň few­ral aýyn­da bu we­zi­pä Kel­li Naýt Kraf­tyň bel­len­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ame­ri­kan sy­ýa­sy iş­gä­ri, dip­lo­ma­ty, Kel­li Naýt Kraft 1962-nji ýy­lyň 24-nji few­ra­lyn­da ABŞ-nyň Ken­tuk­ki şta­ty­nyň Glaz­go şä­he­rin­de do­gul­ýar. Bu şä­he­r­de önüp-ösen Kel­li Kraft 1980-nji ýyl­da mek­de­bi ta­mam­la­ýar we 1984-nji ýyl­da Ken­tuk­ki uni­wer­si­te­ti­niň ba­ka­lawr de­re­je­si­ni al­ýar.
Res­pub­li­kan par­ti­ýa­nyň esa­sy he­ma­ýat­kä­ri bo­lan Kel­li Naýt Kraft bir­nä­çe we­zi­pe­ler­de iş­län­den soň­ra, 2017-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­dan 2019-njy ýy­lyň iýu­ly­na çen­li ABŞ-nyň Ka­na­da­da­ky il­çi­si bo­lup iş­le­di. Ol kö­mür ga­zyp al­ýan “Al­li­ance Re­so­urce Part­ners, L.P” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy, mil­li­ar­der Jo Kraf­tyň aýa­ly­dyr.