Ýaşy 100-den
ýokarda bolan
ýaponlaryň sany 70 müňden geçdi.
Şeýlelikde, Ýaponiýanyň uzak ömürlileriniň sany ýylsaýyn artýar. “Uzak ýaşaýanlaryň aglabasy, zenanlardan ybarat” diýip, Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we maddy üpjünçilik ministrligi habar berýär. Uzak ömürlileriň sanawy ýurtda bellenilip geçilýän garrylar gününiň öňüsyrasynda mälim edilýär. Bu baýramçylyk şu ýylyň 16-njy sentýabryna gabat geldi.
Ýurtda uzak ýaşan jemi 8 müň 463 erkek kişi hem-de 62,7 müň zenan bolup, olar ýaşy 100-den geçenlerdir. Şeýlelikde, uzak ýaşan zenanlaryň sany özleriniň bir asyr ýaş toýuny belläp geçen ýaponlaryň umumy sanynyň 88 göterimini düzýär. Ýaponiýada bir ýylyň içinde uzak ýaşanlaryň hataryna ýene-de 1453-si goşuldy. Soňky 49 ýylyň dowamynda uzak ýaşaýanlaryň sany boýunça geçirilýän bu rekord her ýylda täzelenýär. 1963-nji ýylda ilkinji sanaw geçirilende ýurtda 100 ýaşdan ýokary raýatlaryň sany bary-ýogy 153 sany eken. Soňky 30 ýylyň içinde uzak ýaşaýanlaryň sany 23 esse artdy. Saglygy goraýyş, zähmet we maddy üpjünçilik ministrliginiň wekilleriniň aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň ýaşynyň uzak bolmagynyň sebäbi, lukmançylyk tehnologiýasynyň ösüşi we raýatlaryň öz saglygyny berkitmegiň üstünde işlemegi bolup durýar.