Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň ilkinji elektrokarynyň önümçiligine öňümizdäki noýabr aýynda başlanjakdygy habar berildi. Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen”-iň “ID.3” atly modeli ilkinji gezek 2016-njy ýylda tanyşdyrylypdy. Häzirki wagtda Frankfurtda geçirilýän halkara awtoulag sergisinde görkezilýän modelde kompaniýanyň täzelenen logosy hem ulanyldy. “Volkswagen” topary geljek üç ýylyň dowamynda 33 sany täze elektrokar modelini önümçilige goýbermegi maksat edinýär. Önümçiligine başlanjak modeliň edil “Beetle” we “Mk1 Golf” ýaly “Volkswagen” üçin täze döwrüň başlanjakdygyny aýdan kompaniýanyň elektrokar bölüminiň ýolbaşçysy Tomas Ulbrih işleriň maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny, birnäçe wagtdan bäri 400 sany nusgalyk “ID.3” elekrokarynyň Ýewropa ýurtlarynda synagdan geçirilýändigini habar berdi. Täze model kompaniýanyň Zwikkaudaky zawodynda öndüriler. Bu önümçilik desgasy Ýewropanyň iň gowy elektrokar zawody hasaplanýar. Bu zawod geçen ýyl elektrokar önümçiligi üçin amatly ýagdaýa getirilipdi. Ilkinji nobatda, bu zawodda her günde 1500 elektroulag öndüriler. Entek önümçiligine başlanmadyk hem bolsa, “ID.3”-den 30 müňden gowragy sargyt edilipdir.