Golaýda “Apple” kompaniýasy täze “iPhone” modellerini köpçülige görkezdi. Bu telefonlarda 5-nji nesil tehnologiýasynyň bolmazlygy köpleri haýran galdyrdy. Şu ýylyň başynda entek infrastrukturasy döredilmedik hem bolsa, 5G-li telefonlar peýda bolup başlady. Ýylyň ikinji çärýeginde iri kompaniýalar käbir ýurtlarda satýan 4G-li modelleriniň sanyny azaltdylar. Häzirki wagtda satuwda bolan “Huawei Mate X”, “Samsung Galaxy S10 5G”, “LG V50 THINQ”, “Xiaomi Mi Mix 3”, “Motorola Z3”, “Samsung Galaxy Fold”, “Huawei Mate 20 X 5G”, “OPPO Reno 5G”, “OnePlus7”, “NOKIA 10”, “Alcatel 7 5G”, “Energizer Power Max P8100S” ýaly modellerde 5G tehnologiýasy bar. “Sony” kompaniýasy hem özüniň ilkinji nusgalyk 5G smartfonyny tanyşdyrdy. Onuň şu ýylyň dowamynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. “Samsung” kompaniýasy bolsa, maý aýyndan bäri 2 milliondan gowrak 5G-li telefon satandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu görkezijiniň ýylyň ahyryna çenli 4 milliona ýetmegine garaşýarlar. Häzirki wagtda koreý brendi 5G-li telefonyň 4 modelini öndürýär. Kompaniýa bu smartfonlaryň elýeterli bahalysyny müşderilere ýetirmegiň aladasyny edýär. 5G infrastrukturasynyň ýaýbaňlanmagy we modelleriň köpelmegi bilen bu smartfonlar has hem arzanlar.
Aragatnaşygyň ösen häzirki wagtynda telefonlar, sagatlar, öýler we awtoulaglar bir-biri bilen özara baglanyşyga zerurlyk duýýar. Köp mukdarda maglumat geçirilmegini talap edýän bu baglanyşyk üçin has ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyndan peýdalanylar. Şeýle hem internet aragatnaşygynyň 5-nji nesli smartfonlardaky tizligi hem görnetin ýokarlandyrar. Häzirki wagtda ulanylýan “4G LTE” arkaly sekuntda 1 gigabit maglumat geçirip bolýar. Bu tizlikde gysgarak HD filmini bir sagat çemesi wagtda göçürip almak mümkin. 5G-de bolsa, bu görkeziji 10 gigabite ýeter. Häzirki wagtda öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan döredilen iri konsorsiumlar 5G-niň ülňülerini kesgitlemek we infrastrukturasyny döretmek üçin iş alyp barýarlar.