17-nji sent­ýabr­da Nýu-Ýork­da öz işi­ne baş­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji ses­si­ýa­sy dün­ýä­niň 193 döw­le­ti­niň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Ses­si­ýa­­nyň açy­ly­şyn­da baş sek­re­tar An­to­nio Gu­ter­reş çy­kyş edip, Baş As­samb­le­ýa­nyň 74-nji mej­li­si­niň tä­ze baş­ly­gy, Ni­ge­ri­ýa­nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Ban­de­niň we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi bi­len gut­la­dy. Ses­si­ýa­nyň do­wa­myn­da hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de ýü­ze çyk­ýan köp san­ly se­bit, yk­dy­sa­dy, eko­lo­gik me­se­le­le­re çöz­güt tapmak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tek­lip­ler öňe sü­rül­di.
23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­re­şe ba­gyş­la­nan sam­mit aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. BMG-de 24-30-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hep­de­lik­de hä­zir­ki As­samb­le­ýa­nyň myh­man­la­ry­ çy­kyş et­di­ler. Oňa dün­ýä döw­let­le­ri­niň 100-den gow­rak Li­de­ri, 80 tö­we­re­gi Prem­ýer-mi­nist­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ses­si­ýa­nyň bar­şyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Tür­ki­ýä­niň, Fran­si­ýa­nyň, Eý­ra­nyň, Li­wi­ýa­nyň, Pa­les­ti­na­nyň, Pol­şa­nyň, Uk­rai­na­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň we Yra­gyň Li­der­le­ri we beý­le­ki­ler çy­kyş et­di­ler.
27-nji sent­ýabr­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ses­si­ýa­syn­da çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R. Me­re­dow Ha­zar deň­zi­ni go­ra­mak hem-de Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­di. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri öz çy­ky­şyn­da se­bit­le­ýin we glo­bal gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hu­ku­gy­na we BMG-niň düz­gün­na­ma­sy­na dün­ýä­niň hä­zir­ki­za­man düz­gün­le­ri­niň esa­sy hem-de döw­let­le­riň ara­syn­da­ky yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýet­me­giň şer­ti hök­mün­de se­red­ýän­di­gi bel­le­nip ge­çil­di. Türkmenistanyň 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edendigine ünsi çeken Meredow ilkinji gezek bu pikiriň Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýaňlanandygyny nygtady. De­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň 12-nji sent­ýab­ryn­da BMG-niň 73 sa­ny ag­za döw­let­le­ri­niň aw­tor­daş­ly­gy ne­ti­je­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Şeý­le-de, dur­nuk­ly ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li gat­na­şy­jy­lar üçin işiň uzak­möh­let­le­ýin gel­je­ge ni­ýet­le­nen ile­ri tut­ýan ug­ry bo­lup gal­ýan­dy­gy ba­ra­da bel­le­nip ge­çil­di.
Mi­nist­riň söz­le­ri­ne gö­rä, eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak – Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.
– Biz BMG-niň Aral deň­zi bas­seý­ni ýurt­la­ry üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ide­ýa­sy­ny tu­tan­ýer­li­lik bi­len öňe iler­le­de­ris – di­ýip, R.Me­re­dow bel­le­di hem-de äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ry bu te­ma bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ra gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si­niň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny we tek­lip­le­ri­ni iş ýü­zün­de ama­la aşyr­ma­gy­ny do­wam et­dir­di.