Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiliklere giň gerim bermek babatda iri özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi azyk bolçulygyny döretmäge hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary çykarmaga mümkinçilik berýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen köpugurly özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň nobatdaky tapgyry badalga aldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de önümleriň eksport edilişini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlaryny özünde jemleýän obasenagat toplumlary, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär.
Bu ugurlara esasan hem, soňky ýyllarda hususy pudagyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn goldawynyň netijesinde, oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar.
Ýaňy-ýakynda, agzybir halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyny uludan tutdy. Bu mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde taryhy çykyşyny amala aşyran hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär. Netijede, eksport edilýän önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim artdy” diýip belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem belläp geçişi ýaly, ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda, hususan-da, azyk önümleriniň önümçiligi has-da aýdyň ösüşlere barýar.
Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Hoşzaman” hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy. Telekeçileriň täze taslamasynyň çäklerinde häzirki wagtda müşderilere üç aýlyk towuklaryň eýýäm 560 müňüsi ýerlenildi. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda “Nurly meýdan” daýhan hojalygynda gurlan inkubatordan ilkinji jüýjeler çykaryldy. Ýurdumyzda iň iri emeli usulda jüýje çykarmaga niýetlenen awtomatlaşdyrylan toplumda ýylda 12 million jüýje çykarylar. Bulardan başga-da, “Arassa başlangyç” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Altyn ýol” geňeşliginde guşçulyk toplumyny gurýar. Döwletden 99 ýyllyk kärendesine alnan 6,5 gektar ýerde guruljak guş toplumy ýylda 10 million ýumurtga öndürmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzda towuk etiniň we ýumurtganyň önümçiligini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýän bu taslamalaryň hem ähmiýeti uludyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzda ozal diňe pagta ýagy öndürilýän bolsa, indi onuň hataryna günebakar ýagy hem goşuldy. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda günebakar ýagyny we un öndürýän kärhana açyldy. 2 gektar meýdany eýeleýän kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 7 müň 200 tonna günebakar ýagyna we 20 müň tonna una barabardyr.
Şeýle hem ýurdumyzda dürli miwe we bakja önümleriň önümçiligine hem giň gerim berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwlete, şeýle hem hususy pudaga degişli ýyladyşhanalaryň sany barha artýar. Olarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlere içerki bazarlarda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Bulardan başga-da, türkmen topragynyň naýbaşy önümi bolan gawunlarymyz hem dünýä bazarynda özüniň müşderileriniň göwnüni awlaýar. Golaýda, Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi. Onuň eksporty “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.
Şeýlelikde, türkmen işewürleri içerki bazary dürli görnüşli azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, daşary söwda aragatnaşyklaryny hem yzygiderli ösdürýär, miwe, gök önüm, bakja ekinlerini eksporta iberiji hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Şunlukda, işewürler hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Türkmenistanda öndürilen harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.