Argentinanyň oba hojalyk, maldarçylyk we balykçylyk ministrligi Hytaýa argentin soýasyny eksport etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berip, munuň dünýäniň iň iri soýa eksport ediji ýurdy bilen soýa sarp ediji ýurdunyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmaga esas bolandygyny belleýär.
Bu ylalaşyk HHR-iň baş gümrük edarasy hem-de Argentinanyň oba hojalyk, maldarçylyk we balykçylyk ministrliginiň arasynda gazanyldy. Metbugat konferensiýasynda çykyp geplän HHR-iň Argentinadaky ilçisi Szou Sýaoli soňky ýyllarda Hytaýyň öz bazaryny has giňden açýandygyny, Argentinanyň hytaýly sarp edijilere dürli görnüşli önümleri ugradýandygyny belledi. Bu ýagdaý diňe bir hytaýly alyjylary ýokary hilli önüm bilen üpjün etmän, eýsem, Argentinanyň oba hojalyk önümleriniň eksportyna ep-esli ýardam berip, Günorta Amerikanyň bu ýurdunda iş bilen üpjünçiligi artdyrýar. Şeýlelikde, söwda ylalaşygy bu iki ýurda hem uly bähbit getirýär.
Argentina dünýäde iň iri soýa we onuň ýagyny eksport edýän ýurt bolup, ýylda 30 million tonnadan gowrak soýa eksport edýär. Hytaýda bolsa her ýylda 70 million tonna soýa sarp edilýär. Argentinanyň Prezidenti Maurisio Makri iki ýurduň gazanan bu ylalaşygyna ýokary baha berdi hem-de oba hojalygyndaky gatnaşyklarynyň döwletara gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.