28-nji sent­ýabr­da Ow­ga­nys­tan­da 2001-nji ýyl­dan bä­ri dör­dün­ji ge­zek Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Ýurt­da bäş müň­den gow­rak saý­law uças­tok­la­ry iş­le­di. Saý­law­la­ra 15 da­laş­gär gat­na­şyp, Ow­ga­nys­ta­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni hem-de Prem­ýer-mi­nistr Ab­dul­la Ab­dul­la bu saý­law­la­ryň öň­de­ba­ry­jy­la­ry ha­sap­lan­ýar. Howp­suz­lyk bo­ýun­ça mil­li eda­ra­nyň baş­ly­gy Rah­ma­tul­lah Na­bil, ozal­ky Prem­ýer-mi­nistr Gol­bed­din Hek­met­ýar hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň Lon­don­da­ky il­çi­si Ah­mad Wa­li Ma­sud ýur­duň Pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär­ler­dir.
Ow­ga­nys­ta­nyň 9,5 mil­li­on­dan gow­rak ra­ýa­ty ses ber­mek üçin bel­li­ge alyn­dy.
Saý­law­la­ryň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri 17-nji okt­ýabr­da, gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri bol­sa, 7-nji no­ýabr­da mä­lim edi­ler. Eger-de da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si ýe­ter­lik ses alyp bil­me­se, 23-nji no­ýabr­da saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. 2014-nji ýyl­da Ow­ga­nys­tan­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Aş­raf Ga­ni ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.