Awstriýanyň halk partiýasy nobatdan daşary parlament saýlawlarynda sesleriň 38 göterimden gowragyna eýe bolup, ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, konserwatorlar we olaryň lideri Sebastýan Kurs 73 deputat ornuna hem-de fraksiýanyň köpçüligine eýe boldy. Bu ýagdaý Sebastýan Kursa hökümet düzmäge we Awstriýanyň Kansleri wezipesine dolanmaga mümkinçilik berdi.
– Haýran galdyrýan netijeler, biz saýlawçylaryň bize bildirilen ynamy hem-de goldawy üçin örän hoşallyk bildirýäris. Bu biziň partiýamyzyň wekilleri üçin taryhy waka bolup, Awstriýanyň halkyna ak ýürekden hyzmat etmek üçin elimizden gelen ähli mümkinçiliklerimizi gaýgyrmarys – diýip, ýeňiş gazanan partiýanyň lideri Sebastýan Kurs aýtdy.
29-njy sentýabrda geçirilen saýlawlarda Sosial-demokratlar 41 orun bilen ikinji, “Awstriýanyň erkinlik partiýasy” 32 orun bilen üçünji, “Ýaşyllar” bolsa dördünji orny eýelediler.
Öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda Sebastýan Kursuň koalision hökümet gurmak bilen meşgul boljakdygy habar berilýär. Ýeňiş gazanan partiýanyň Lideri parlamente giren ähli syýasy güýçler bilen Ministrler Kabinetini düzmek barada gepleşikleri geçirmek niýetiniň bardygyny habar berdi. Milli Geňeşiň düzümine (Parlamentiň aşaky palatasy) 183 deputat girip, diňe partiýa sanawy boýunça saýlanýar.