ABŞ-nyň hö­kü­me­ti 2019-njy ýyl­da su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz tas­la­ma­la­ry­na 50 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­di­rip, ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ägirt uly ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni bu ug­ra gö­nük­dir­di.
Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Fa­tih Bi­rol su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zy ön­dü­ri­ji­le­riň we sarp edi­ji­le­riň To­kio­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da mä­lim et­di. Ol çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň ýe­ne-de bäş ýyl­dan dün­ýä­de iň iri ýan­gyç im­port edi­ji döw­let hök­mün­de Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­jek­di­gi­ni hem-de dün­ýä­niň su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­za bo­lan is­le­gi­niň üç­den bi­ri­ni eýe­le­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy im­port et­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­ny bar­ha art­dyr­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, Bang­la­deş, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan, Tai­land ýa­ly Azi­ýa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ry uly muk­dar­da­ky su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy im­port ed­ýär­ler. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ hem iç­ki gaz önüm­çi­li­gi­niň pe­se ga­çan­ly­gy se­bäp­li, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň im­por­tu­ny art­dyr­ýar­lar.
To­kio­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Fa­tih Bi­rol ABŞ-nyň su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň dün­ýä eks­por­tu­nyň üç­den bi­ri­ni eýe­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Ýa­po­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da we se­na­gat mi­nist­ri Iss­ýu Su­ga­wa­ra Ýa­po­ni­ýa­nyň hem-de ýur­duň hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň dün­ýä­niň su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz tas­la­ma­la­ry­na 10 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Dün­ýä­niň iň iri su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz sa­tyn aly­jy­sy, Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ener­gi­ýa gö­te­ri­ji­le­ri­niň im­por­tu­na bag­ly­ly­gy azalt­ma­k üçin ta­gal­la ed­ýär.