1-nji oktýabrda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda 8 ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Ýokary derejeli Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşmak üçin Ýewraziýa ykdysady geňeşine agza ýurtlaryň ýolbaşçylary – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem, synçy hökmünde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, hormatly myhmanlar – Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri Li Sýanlun Ýerewanda jemlendiler.
Şol gün Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň başlyklygynda Ýokary derejeli Ýewraziýa ykdysady geňeşine agza ýurtlaryň ýolbaşçylary ikiçäk we giňişleýin düzümlerde ykdysady hyzmatdaşlyk, maliýe syýasaty, energetika, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, üçünji ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler boýunça gepleşikler geçirdiler. Mundan başga-da, maslahatlaryň çäklerinde üstaşyr geçirijiler, ýük daşamagyň kadalary, öýjükli ykdysadyýeti ösdürmek, milli walýutada hasaplaşmak ýaly köp sanly meselelere garaldy.
Maslahatyň çäkli düzümine Eýranyň, Singapuryň we Moldowanyň Prezidentleri goşuldylar. Ýewraziýa ykdysady geňeşine agza ýurtlaryň Liderleriniň Singapur bilen erkin söwda zolagy barada ylalaşyga gol çekilmegi, duşuşygyň esasy wakalarynyň biri boldy. Şeýle hem agza ýurtlaryň ýolbaşçylary hem-de Moldowanyň we Eýranyň döwlet ýolbaşçylary, Singapuryň Premýer-ministri Li Sýanlun “Ýewraziýa yklymynyň tranzit mümkinçilikleri” atly forumyň sessiýasyna gatnaşdylar.
2015-nji ýylda döredilen Ýokary derejeli Ýewraziýa ykdysady geňeşine häzirki wagtda Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan agza bolup durýarlar.