Mek­si­ka­nyň hö­kü­me­ti “Petróle­os Mexicanos” (Pe­mex) döw­let ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­na 5 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. “Bu se­riş­de­ler kom­pa­ni­ýa­nyň ma­li­ýe ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ula­ny­lar” diý­lip, ýur­duň ma­li­ýe mi­nistr­li­gi­niň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar. Mek­si­ka­nyň Pre­zi­den­ti And­res Ma­nu­el Lo­pes Ob­ra­dor “Pe­mex”-iň mad­dy-teh­ni­ki gor­la­ry­ny has-da ber­kit­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Iýul­da ýur­duň hö­kü­me­ti 2019-2023-nji ýyl­lar üçin kom­pa­ni­ýa­nyň biz­nes me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp dü­züp, on­da 2024-nji ýy­la çen­li her gi­je-gün­diz­de alyn­ýan çig ne­bi­tiň muk­da­ry­ny hä­zir­ki 1,7 bar­rel­den 2,7 mil­li­on bar­re­le çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Petróle­os Mexicanos” (Pe­mex) Mek­si­ka­nyň döw­let ne­bit-gaz we ne­bit-hi­mi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Ol 1938-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy paý­tagt Me­hi­ko­da ýer­leş­ýär.