Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň (BMG) ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­niň da­laş­gär­le­ri­niň ara­syn­da te­le­wi­zi­on mas­la­hat­laş­ma­lar ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy­nyň 9-njy Baş sek­re­ta­ry­ny saý­la­mak işi aç-açan­lyk­da do­wam ed­ýär. Ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da bu we­zi­pe üçin da­laş­gär­le­ri ha­sa­ba al­mak işi­ne gi­ri­şil­di. Hä­zir ola­ryň sa­ny 12-ä ýet­di.
Bu ge­zek da­laş­gär­le­riň ara­syn­da te­le­wi­zi­on mas­la­hat­laş­ma­lar ge­çi­ril­di. Ol “Al-Ja­zi­ra” te­le­ýaý­ly­my ta­ra­pyn­dan gu­ra­lyp, oňa 10 da­laş­gär gat­naş­dy. Da­laş­gär­ler gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­sin­de nä­hi­li iş­le­jek­dik­le­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­di­ler. Soň­ra te­le­gep­le­şi­gi alyp­ba­ry­jy­nyň gat­naş­ma­gyn­da so­wal-jo­gap tap­gy­ry­na ge­çil­di. Bu gep­le­şi­ge Slo­wa­ki­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mi­ros­law Laý­çak hem-de ma­ke­do­ni­ýa­ly dip­lo­mat Sržan Ke­rim gat­naş­ma­dy. Slo­wak dip­lo­ma­ty ýur­du­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy we­zi­pe­si­ni ka­bul ed­ýän ta­rap bo­lan­dy­gy­ny üçin Nýu-Ýork­da­ky te­le­wi­zi­on mas­la­hat­laş­ma­sy­na gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bol­ma­dy.
Da­laş­gär­le­re BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry, ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny ýo­la goý­mak, dün­ýä­niň iň uly gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da so­wal­lar be­ril­di. Olar hem bu so­wal­la­ra jo­gap be­rip, umu­man, BMG-niň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üçin hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ta­gal­la et­jek­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler.
Ge­çen aý­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da da­laş­gär­le­riň çy­ky­şy gu­ral­dy. In­di no­bat BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şin­de. Bu ýer­de ge­ňe­şe ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan da­laş­gär­ler üçin ses be­riş­lik ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem ge­ňe­şiň ag­za­la­ry da­laş­gär­ler bi­len du­şu­şyk ge­çi­rer­ler. Baş sek­re­tar­ly­ga da­laş­gär Howp­suz­lyk ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ýar. Soň­ra Baş As­samb­le­ýa şol da­laş­gär­ler üçin ses be­riş­li­gi gu­ra­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Baş As­samb­le­ýa­da­ky ses be­riş­lik­de ses­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi­ne my­na­syp bo­lan da­laş­gär 2017-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­dan gu­ra­ma­nyň tä­ze Baş sek­re­ta­ry hök­mün­de işe gi­ri­şer.