Ge­çen hep­dä­niň ahy­ryn­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bol­dy. Biş­kek şä­he­rin­dä­ki hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Kans­ler An­ge­la Mer­ke­li Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew gar­şy al­dy.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew bi­len iki­çäk gep­le­şik­ler boldy. Şol gep­le­şik­ler­den soň­ra li­der­ler bi­le­lik­dä­ki met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çir­di. Pre­zi­dent Atam­ba­ýew öz çy­ky­şyn­da Kans­ler Mer­ke­liň sa­pa­ry­na uly äh­mi­ýet ber­len­di­gi­ni we onuň Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­ta­ny­nyň il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny mä­lim et­di.
—Iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we gu­ma­ni­tar ugur­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­lar bar­ha iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Ger­ma­ni­ýa Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Myh­ma­ny­myz An­ge­la Mer­ke­le ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan öz­gert­me­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­dim. Biz di­ňe Ger­ma­ni­ýa bi­len däl, eý­sem, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len hem hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­mek is­le­ýä­ris – di­ýip, Pre­zi­dent Atam­ba­ýew gür­rüň ber­di.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na özü­niň il­kin­ji sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ýan­dy­gyny bel­läp, Pre­zi­dent Atam­ba­ýew bi­len ýene-de du­şuş­mak üçin dö­rän müm­kin­çi­lik­den ho­şal­dy­gy­ny aýtdy .
—Siz iki ge­zek Ger­ma­ni­ýa­da sa­par­da bol­du­ňyz. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň saý­lap alan ýo­lu­na hor­mat goý­ýa­rys. Ilat üçin yk­dy­sa­dy ösüş örän mö­hüm­dir. 600-den gow­rak gyr­gyz ýaş­la­ry Ger­ma­ni­ýa­da bi­lim al­ýar­lar. Ola­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak müm­kin. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup bi­ler. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň aja­ýyp te­bi­ga­ty bar. Gel­jek­de KfW ban­ky­nyň üs­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy dür­li ugur­lar­da ös­dü­re­ris. Ýa­kyn wagt­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet gün­le­ri­ni ge­çi­re­ris. Ol hem söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum ugur­la­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam eder – di­ýip, An­ge­la Mer­kel aýt­dy.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň beý­le­ki döw­let ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­çäk du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di.