Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp türk­men ke­na­ryn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Sy­ýa­hat­çy­lyk we ge­ze­lenç” at­ly hal­ka­ra ser­gi­si we mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Her ýyl ge­çi­ril­ýän fo­ru­ma Türk­me­nis­ta­nyň öň­de­ba­ry­jy sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň hem-de bu ul­gam­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len, Awst­ri­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Bol­ga­ri­ýa­dan, Pol­şa­dan, Tür­ki­ýe­den, Ka­na­da­dan, Hin­dis­tan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Hy­taý­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan ge­len 70-e go­laý kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Awa­za­da ge­çi­ril­ýän fo­ru­myň esa­sy we­zi­pe­le­ri ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri, ru­hy we mad­dy mi­ra­sy we hal­ky­my­zyň hem-de bu çä­rä gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň däp-des­sur­la­ry­ny wa­gyz et­mek­den, dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len bar bo­lan hem-de ke­ma­la gel­ýän tä­ze hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
“Seý­ra­na” myh­man­ha­na­syn­da gu­ra­lan ser­gi­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da tek­lip edil­ýän döw­re­bap sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň giň top­lu­my, şy­pa­ha­na-dynç alyş, myh­man­ha­na-işe­wür­lik ul­gam­la­ryn­da we ga­ry­şyk ugur­lar­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de san­ly ul­gam­la­ry giň­den ulan­mak­da top­la­nan tej­ri­be­ler we ýe­ti­len sep­git­ler gör­ke­zil­di. Tej­ri­be alyş­mak, uzak gel­je­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça tä­ze tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mö­hüm çä­rä öw­rü­len ser­gä ýur­du­myz­dan Me­de­ni­ýet, Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty, Oba ho­ja­ly­gy hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar, Sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de der­man se­na­ga­ty, Se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ser­gi ýur­du­my­zyň hem-de onuň se­bit­le­ri­niň tä­sin sy­ýa­hat­çy­lyk kün­jek­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga, sy­ýa­hat­çy­lyk we myh­man­sö­ýer­lik ul­ga­myn­da­ky me­ýil­ler ba­ra­da, dynç al­şyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni gu­ra­mak, me­de­ni-wa­gyz hem-de ül­kä­ni öw­re­niş iş­le­ri ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Bu ul­gam­da ýur­du­my­zyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sa, te­bi­gy kün­jek­le­riň örän dür­lü­li­gi­ne hem-de tä­sin sag­ly­gy di­kel­diş se­riş­de­le­ri­ne da­ýan­ýar.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan sy­ýa­hat­çy­lyk top­lu­my­ny in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy, şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Di­ýa­ry­my­za gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­ma­gy hem-de iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len kom­pa­ni­ýa­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry ýur­du­my­za gy­zyk­lan­ma­nyň dün­ýä­de bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Gün­do­ga­ryň he­niz syr­la­ry do­ly açyl­ma­dyk si­wi­li­za­si­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ga­dy­my Mar­guş ýur­dy ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ol özü­niň tä­sin ýa­dy­gär­lik­le­ri hem-de bu ýer­de dür­li dö­wür­ler­de ýü­ze çy­ka­ry­lan haý­ran gal­dy­ry­jy ta­pyn­dy­lar bi­len meş­hur­dyr. Kö­ne­ür­genç şä­he­ri köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len aja­ýyp ýa­dy­gär­lik­ler bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ge­lip­dir.
Ar­heo­log­la­ryň hem-de sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­ýän ga­dy­my şä­her­le­riň ha­ta­ryn­da Ga­dy­my Nu­saý aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Türk­men­le­riň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da gu­ran Par­fi­ýa döw­le­ti ga­dy­my­ýe­tiň be­ýik döw­let­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de al­ty asyr­lap ber­ka­rar­ly­gy­ny sak­lap­dyr. Türk­me­nis­ta­na gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin ýur­du­my­zyň aja­ýyp paý­tag­ty bi­len ta­nyş­mak aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Bu ýer­de bi­na­gär­lik aja­ýyp­lyk­la­ry­nyň en­çe­me­si bar. Şo­la­ryň bir­nä­çe­si bol­sa Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy Türk­me­nis­ta­nyň göw­her kün­jek­le­ri­niň ýe­ne bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ol sy­ýa­hat­çy­lyk mag­lu­mat­lar ki­tap­ça­la­ry­nyň äh­li­sin­de my­na­syp orun al­dy, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk agent­lik­le­ri­niň ne­şir­le­ri­ni ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry, aw­to­ban­la­ry, se­ýil­gäh­le­ri, am­fi­teatr­la­ry we suw çüw­dü­rim­le­ri bi­len be­ze­di. Ýah­ta­lar, ga­ýyk­lar, ka­ter­ler hem-de ka­ta­ma­ran­lar, suw ly­ža­la­ry, sör­fing­ler, daý­wing­ler we suw pa­raş­ýut­la­ry – bu­la­ryň hem­me­si bu aja­ýyp şy­pa­ha­na­nyň iş­jeň dynç al­şy söý­ýän­le­re hö­dür­le­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň di­ňe bir bö­le­gi­dir.

Ke­rim­ber­di ME­LÄ­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.