“Senagat 4.0” diýlip atlandyrylýan döwrebap awtomatlaşdyrylan ulgam maglumat alyş-çalşygyny, önümçilik tehnologiýalaryny öz içine alýan has giň manyda ulanylýan adalgadyr. Bu rewolýusiýa jisimleriň interneti, internetiň hyzmatlary hem-de kiber-fiziki ulgamlardan ybarat bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde bu gurluş “akylly” fabrik ulgamynyň emele gelmegine hem goşant goşýar. Şeýle hem önümçilik şertlerinde her bir maglumatyň toplanmagyna we mazaly seljerilmegine mümkinçilik berýändigi üçin önümçiligiň has netijeli bolmagyna getirýär.
Senagatyň taryhyna ser salanymyzda, ilkinji senagat rewolýusiýasy döwründe suwuň we buguň güýjünden peýdalanylandygyny görmek bolýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlar we önümçilik desgalary ikinji senagat rewolýusiýasy hasaplanýar. Bu döwürde harytlaryň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlupdyr. Üçünji senagat rewolýusiýasy döwründe bolsa, maglumat tehnologiýasynyň kämilleşmegi bilen önümçilik köp derejede awtomatlaşdyryldy. Häzirki wagtda bolsa, dördünji senagat rewolýusiýasybarada gürrüň gozgalýar. Bu döwür, esasan, üç basgançakdan ybarat bolup, jisimleriň interneti, internetiň hyzmatlary we kiber-fiziki ulgamlardan ybarat bolup durýar. “Senagat 4.0” bilen modulýar gurluşly “akylly” fabriklerde fiziki işlere kiber-fiziki ulgamlar arkaly gözegçilik etmek, fiziki dünýäniň hyýaly birmeňzeşini döretmek we merkezleşdirilmedik çözgüt tapyjy ulgamyň döredilmegi maksat edinilýär. Jisimleriň interneti bilen kiber-fiziki ulgamlar öz aralarynda hem-de adamlar bilen sazlaşykly işläp bilýärler. Senagatyň bu döwrebap görnüşinde kiber-fiziki ulgamlar jisimleriň interneti we hyzmatlaryň interneti arkaly adamlar hem-de “akylly” fabrikler bilen habarlaşýarlar.
Häzirki wagtda bu ulgamy durmuşa geçirmek üçin uly işler edilýär. Dördünji senagat rewolýusiýasy döwründe önümçilik awtomatlaşdyrylan maşynlar arkaly hyzmat hödürleýän we harytlar bilen maglumat paýlaşýan ulgama öwrüler. Germaniýanyň Emeli aň barlaglary merkezi (DFKI) Kaýzerslautern şäherinde bu ulgamyň nähili işlejekdigini görkezýän maket taýýarlady. Ony taýýarlamaga “Siemens” we başga-da ýigrimä golaý kompaniýa we ylmy-barlag merkezi gatnaşypdyr. Bu ýerde kiçiräk “akylly” zawodda harytlaryň öndürilişi, harytlaryň önümçilik maşynlary bilen nähili habarlaşjakdygy görkezilýär. Dördünji senagat rewolýusiýasy ulgamyň yzygiderli gözegçilikde saklanmagyna we bökdençligi bada-bat bilip, öňüni almaga, energiýanyň we beýleki çeşmeleriň tygşytly ulanylmagyna, netijeliligi artdyrmaga, harydyň özüne düşýän bahasyny peseltmäge, täze hyzmat ediş usullaryny teklip etmäge mümkinçilik berýär.
Kümüş Geldiýewa,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň mugallymy.