Gel­jek­de oba ho­ja­ly­gy san­laş­dy­ry­lar. Azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­giň bar­ha art­ma­gy hem-de daş­ky gur­şa­wa bo­lan gat­na­şyk bo­ýun­ça jo­gap­kär­çi­lik­ler hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­lar we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz tä­ze­çil önüm­çi­lik­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na san­ly ul­ga­my düýp­li or­naş­dyr­mak ba­bat­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nda az çyk­da­jy edilip, dö­küniň hem-de su­wuň muk­da­ry­ny tyg­şyt­ly ulan­mak üçin teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Bu ho­ja­lyk­lar­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar çalt öz­leş­di­ril­ýär. Olar san­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň bähbidine dü­şü­nip baş­la­dy­lar. Bu teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň peý­da­sy­nyň uly bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, öňü­miz­dä­ki 30 ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de azyk önüm­le­rine bo­lan is­leg 70 gö­te­rim ar­tar. Mu­nuň üçin daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na hä­zir­ki gün­den başlap, önüm­çi­lik usul­la­ry­nyň tä­ze­çil gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nmak ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Mik­ro we na­noe­lekt­ro­ni­ka daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na meý­dan­lar bo­ýun­ça göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge, ösüm­lik­le­riň ke­sel­le­me­gi­ni has çalt ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Bä­gül TOÝ­LY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.