Finlýandiýa 2019-njy ýylda ýabany tebigatda syýahat etmek üçin global sanawda dünýäde iň gowy syýahat ugry diýlip mälim edildi. Bu barada britan agentligi “True Luxury Travel”-iň barlaglary boýunça habar berilýär. Hasabata laýyklykda, Finlýandiýa iň gowy syýahat ugry derejesine eýe bolmak üçin 100-den gowrak bäsdeşlerden öňe geçdi. Ýurt ýokary ekologik durnuklylygy, dürli-dümen ösümlik dünýäsi, ajaýyp tebigy manzarasy we janly tebigaty goramakdaky tagallalary bilen aýratyn tapawutlanýandygy bellenilýär.
“Şeýle hem Finlýandiýada soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagynyň tiz ösmegi netijesinde, uly üstünlikler gazanyldy” diýlip bellenilýär. Finlýandiýanyň şeýle orna eýe bolmagynda bu ýurduň topraklarynyň 73 göterimini tokaýlyklaryň gurşap almagy sebäp boldy.
Finlýandiýanyň günbatar goňşusy bolan Şwesiýanyň sanawda ikinji orny eýelemegi bellenilmäge mynasypdyr. Sanawyň yz ýanyndan Braziliýa, Kanada we ABŞ gelýär. Ondan soňra, Norwegiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Polşa we Sloweniýa sanawda orun alýarlar.