6-njy okt­ýabr­da Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy So­sia­lis­tik par­ti­ýa 37 gö­te­rim ses bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di.
Ýö­ne saý­law­lar­dan soň, hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nistr An­to­niu Koş­ta­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky so­sia­list­le­riň ab­sol­ýut köp­­lü­ge eýe bol­ma­gy üçin par­la­ment­dä­ki 230 orun­dan 116-sy­na eýe bol­ma­gy­nyň ge­rek­di­gi bel­li bol­dy. Býul­le­ten­le­riň 100 gö­te­ri­mi sa­na­lan­dan soň­ra, ola­ryň di­ňe 106 or­na bil bag­lap bil­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di. Saý­law­lar­da So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa 28 gö­te­rim ses bi­len ikin­ji or­ny (77 de­pu­tat or­ny) eýe­le­di. Beý­le­ki par­ti­ýa­la­ryň ga­za­nan ses­le­ri bol­sa, 10 gö­te­rim­den geç­me­di. Di­ňe 9 par­ti­ýa par­la­ment­den orun alyp bil­di. Ses ber­li­şi­ge 6,5 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa-da ila­tyň 53 gö­te­ri­mi gat­naş­dy.
So­sia­list­le­riň bu üs­tün­li­gi ola­ryň par­la­ment­dä­ki frak­si­ýa­sy­ny ep-es­li de­re­je­de ber­ki­der, ýö­ne Prem­ýer-mi­nistr An­to­niu Koş­ta­nyň par­ti­ýa­sy ba­ry­bir hyz­mat­daş par­ti­ýa­la­ryň ýar­da­my bi­len hö­kü­met düz­me­li bo­lar. Hä­zir­ki Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti hem Çep­çi bi­le­le­şik, Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa we Ýa­şyl­la­ryň par­ti­ýa­sy bi­len yla­la­şy­gyň ne­ti­je­sin­de dü­zü­lip­di. Ola­ryň äh­li­si hem dür­li de­re­je­ler­de par­la­ment­dä­ki orun­la­ry­ny ber­kit­di­ler. Bu ýag­daý bol­sa, oza­ly bi­len, Por­tu­ga­li­ýa­nyň soň­ky ýyl­lar­da­ky yk­dy­sa­dy ösü­şi bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
2015-nji ýyl­da hä­ki­mi­ýe­te ge­len An­to­niu Koş­ta bir­nä­çe yk­dy­sa­dy öz­ge­riş­lik­le­ri ama­la aşy­ryp, pen­si­ýa we zäh­met hak­la­ry­ny art­dy­ryp, kö­püň söý­gü­si­ni ga­za­n­dy.