Tailand dünýäde iň köp kauçuk eksport edýän ýurt bolup, onuň esasy hyrydary Hytaýdyr. Bu barada Tailandyň söwda ministrliginiň ýanyndaky söwda gepleşikleri boýunça departamentinde mälim etdiler. Tailandyň beýleki köp sanly ýurtlar bilen gol çeken erkin söwda baradaky ylalaşygynyň netijesinde şeýle üstünlik gazanyldy.
Tailandyň söwda ministrliginiň ýanyndaky söwda gepleşikleri boýunça departamentiniň baş ýolbaşçysy Auramon Sapthwitum 2018-nji ýylda Tailandyň bahasy 4,6 milliard dollara deň bolan kauçuk eksport edendigini, munuň bolsa, ýurduň eksportunyň umumy möçberiniň 1,82 göterimini eýeleýändigini mälim etdi.
– Hytaý bahasy 1,96 milliard dollara deň bolan tai kauçugyny satyn alyp, Tailand üçin uly bazara öwrüldi. Bu sanlar 2018-nji ýylda Tailandyň kauçuk eksportunyň umumy möçberiniň 43 göterimini emele getirýär – diýip, ol aýtdy. Auramon Sapthwithumyň sözlerine görä, Tailand mundan başga-da, Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna, ABŞ-a, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna kauçuk eksport edýär.
Tailandyň dünýäniň iň iri kauçuk eksport ediji ýurdy diýen derejä eýe bolmagy 18 ýurt bilen erkin söwda baradaky 13 ylalaşyga gol çekmeginiň netijesinde mümkin boldy. Çünki bu resminama tai önüminiň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berdi.