Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy Fran­si­ýa­nyň Nant şä­he­ri­ni 2019-njy ýyl­da “Ýew­ro­pa­nyň in­no­wa­si­on paý­tag­ty” di­ýip yg­lan et­di. Nant şä­he­ri­ne bu de­re­je in­no­wa­si­on hyz­mat­la­ry ar­ka­ly şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry üçin be­ril­di. Mun­dan ozal Ýew­ro­pa­nyň Ant­wer­pen (Bel­gi­ýa), Bris­tol (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), Glaz­go (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), Es­po (Finl­ýan­di­ýa) we Rot­ter­dam (Ni­der­land­lar) şä­her­le­riniň 2019-njy ýy­lyň in­no­wa­si­on paý­tag­ty de­re­je­si­ne da­laş­gär bo­lan­dyk­la­ry ha­bar be­r­lip­di. Bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­za­nan Nant şä­he­ri Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň yl­my bar­lag­lar we teh­no­lo­gi­ýa bo­ýun­ça “Ho­ri­son-20” mak­sat­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan in­no­wa­si­on işi ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry­na ýar­dam hök­mün­de 1 mil­li­on ýew­ro bi­len sy­lag­lan­dy. In­no­wa­si­on işi­ni öňe iler­led­ýän beý­le­ki bäş şä­her hem 100 müň dol­lar bi­len sy­lag­lan­dy. Bu bäs­le­şik Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­lip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň şä­her­le­rin­de in­no­wa­si­ýa­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.