Tunisde geçen Parlament saýlawlarynda “An-Nahda” (Galkynyş) hereketi ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň “Watania” teleýaýlymy habar berýär. Maglumatlara görä, “An-Nahda” hereketine saýlawçylaryň 17,5 göterimi ses berdi. “Kalbe Tunis” partiýasy bolsa, sesleriň 15,6 göterimine eýe boldy. Şeýlelikde, Demirgazyk Afrika döwletiniň ilaty ýurduň 217 orunlyk ýokary kanun çykaryjy edarasynyň täze düzümini saýladylar. Ýurtda ses bermäge hukugy bolan 7 081 307 saýlawçy bar. Ses berlişik ýurduň 33 saýlaw okrugynda geçirildi.
“Henley Passport Index”-iň iň güýçli pasportlar baradaky täze sanawynda Ýaponiýa we Singapur öňdeligi eýeläp, bu ýurtlaryň raýatlary 190 ýurda wizasyz syýahat edip bilýärler. Ikinji ýerde Koreýa Respublikasy, Germaniýa we Finlýandiýa gelýär (188 ýurt). Üçünji ýerde Daniýa, Italiýa we Lýuksemburg (187 ýurt), dördünji ýerde Fransiýa, Ispaniýa we Şwesiýa (186 ýurt) gelýär. Bäşinji orunda bolsa, Portugaliýa gelip, bu ýurduň pasporty raýatlaryna 185 ýurda wizasyz gitmäge ygtyýar berýär.
“Made in Germany” belgili harytlar dünýäniň sarp edijileriniň arasynda giňden tanalýar. Muňa “YouGov” halkara institutynyň hem-de Kembrij uniwersitetiniň geçiren barlaglary şaýatlyk edýär. Pikir soralyşyga 23 ýurduň wekilleri gatnaşyp, olaryň köpüsi nemes harytlaryna ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, “Made in Germany” brendi dünýäniň söwda belgileriniň reýtinginiň başyny çekdi. Reýtingde italýan harytlary ikinji orna, Fransiýa üçünji orna, Beýik Britaniýa dördünji orna düşdi. Bäşinji orna Ýaponiýa, altynjy orna Kanada, ýedinji orna ABŞ düşdi. Niderlandlar bolsa, reýtingiň sekizinji ornuny eýelediler.
“Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň aýaly Melinda Geýts ABŞ-da geljek 10 ýylda gender deňligini öňe ilerletmek maksady bilen 1 million dollar bölüp berýändigini mälim etdi. Gender deňligi uzak ýyllaryň dowamynda Melinda Geýts üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, maliýe serişdeleri olaryň “Bill & Melinda Gates Foundation” gaznasy hem-de “Pivotal Ventures” kompaniýasy arkaly gönükdiriler.
Russiýanyň döwlet “Aeroflot” awiakompaniýasy “Gündogar Ýewropanyň iň oňat kompaniýasy” diýen dereje boýunça abraýly baýraga eýe boldy. Russiýanyň bu kompaniýasy eýýäm iki ýyl bäri bu sylaga eýe bolup gelýär diýip, Beýik Britaniýanyň “Business Traveller” žurnaly ýazýar.