Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň döw­let­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu se­bit­de umu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin ägirt uly kuw­wat bar. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­bat­da öň­dä­ki orun­la­ra çyk­ýan Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň, şol san­da Gün­do­gar we Gü­nor­ta – Gün­do­gar Azi­ýa­nyň döw­let­le­ri bi­len dä­be öw­rü­len dost­luk­ly gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze dep­gine we ma­ny-maz­muna eýe boldy.
Türk­me­nis­ta­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti, onuň se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de san­laş­dy­ryl­ma­gy­ny düýp­li öz­gert­mä­ge ta­rap al­nan ugur, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li, iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry, dür­li ugur­lar­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Mu­nuň özi Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­tin­den bolan hyz­mat­daş­la­ryň ýur­du­myz bi­len uzak möh­let­le­ýin esas­da işleri ýaý­baň­lan­dyr­ma­ga yzy­gi­der­li we bar­ha art­ýan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny şert­len­dir­ýär.
Şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­na bolan il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­ny bu ugur­da­ky anyk my­sal­la­ryň bi­ri hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Bu döw­let sa­pa­ry iki­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň berk bin­ýa­dy­ny goý­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di, olar işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar we äht­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da, res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­ny eme­le ge­tir­di. Türk­me­nis­tan Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi öz da­şa­ry sy­ýa­sat we da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik ug­ry hök­mün­de kes­git­le­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ozal­dan bä­ri yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy ha­sap­la­nyl­ýan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär. Türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­na yzy­gi­der­li ok­gun­ly hä­si­ýet mah­sus­dyr, mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na iki döw­le­tiň ara­syn­da ýo­la goý­lan ýo­ka­ry we be­lent de­re­je­dä­ki yzy­gi­der­li sy­ýa­sy gep­le­şik­ler ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi gel­jek üçin iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ynam­ly ýo­la goý­ma­ga, şo­la­ryň düýp­li ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­la­ry düz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže Iniň Türk­me­nis­ta­na bolan döw­let sa­pa­ry türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­si­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na mö­hüm orun be­ril­di. Şeý­le hem se­na­gat ul­ga­myn­da­ky, hu­su­san-da, elek­tron we dok­ma se­na­ga­tyn­da­ky gat­na­şyk­la­ra türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry hök­mün­de ga­ral­ýar.
Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da öza­ra erk-is­le­ge esas­lan­ýan gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li anyk ne­ti­je­le­re gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Ta­rap­lar hä­zir­ki za­man ta­ry­hy şert­ler­de däp bo­lan dost­luk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy gör­kez­ýär­ler, bi­rek-bi­re­giň yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri­niň hem-de döw­let ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň de­ňe­çer­li­gi­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň düýp­gö­ter tä­ze nus­ga­sy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2013-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem-de 2015-nji ýyl­da gu­ra­lan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra sa­par­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze tap­gy­ry aç­dy. Şo­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan mö­hüm yla­la­şyk­lar hem-de gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar däp bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­di we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­dy. Türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem, “Mer­ke­zi Azi­ýa + Ýa­po­ni­ýa” hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de hem üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär, yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de se­na­gat top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy ýa­ly iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da öz­le­ri­ni yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de gör­kez­di­ler. Ola­ryň gat­naş­ma­gyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky am­mi­ak we kar­ba­mid önüm­çi­li­gi, Bal­kan we­la­ýa­tynyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de kar­ba­mid dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän, Gy­ýan­ly­da po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän, Ahal we­la­ýa­tyn­da bol­sa te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sin­te­ti­ki ýan­gyç – ben­zin ön­dür­ýän dün­ýä­de il­kin­ji za­wod ýa­ly iri se­na­gat top­lum­la­ry gu­rul­dy.
Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, gel­jek­de hem stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, gel­je­gi na­zar­la­ýan ne­ti­je­li türk­men-ýa­pon işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak üçin äh­li şert­ler we yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­dil­di.
Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk me­se­le­si ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­ny däp bo­lan dost­luk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak, oňyn gat­na­şyk­la­ryň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Köp­ýyl­lyk bi­le­lik­dä­ki işiň top­la­ny­lan baý tej­ri­be­si­niň bin­ýa­dy­na esas­lan­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy uly müm­kin­çi­lik­le­riň hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­riň bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni dol­dur­ma­gy­nyň iki ýur­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ryn­da hem-de beý­le­ki ugur­lar­da gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Ägirt uly tas­la­ma­nyň – hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ta­gal­la­la­ryň öza­ra bäh­bit­le­re gö­nük­di­ril­me­gi­niň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Bu gaz ge­çi­ri­ji bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­dan “ma­wy ýan­gyç” Hy­ta­ýa ak­dy­ryl­ýar. Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gyň baý tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Türk­men-hy­taý ko­mi­te­ti dö­re­dil­di. Şo­nuň bi­len bir wagt­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa – Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň döw­let­le­ri bi­len di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de däl-de, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hem iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.