13-nji oktýabrda Polşada geçirilen Parlament saýlawlarynda “Kanun we adalat” partiýasy parlamentde absolýut köpçülige eýe boldy. Saýlawlarda ýurduň raýatlary Seýmiň (Parlamentiň aşaky palatasy) 460 deputatyny we senatyň (Parlamentiň ýokarky palatasy) 100 agzasyny saýladylar.
Saýlawlaryň netijelerine görä, Ýaroslaw Kaçinskiniň ýolbaşçylyk edýän “Kanun we adalat” partiýasy 43,6 göterim sese eýe boldy. Şeýlelikde, partiýa Seýmdäki 460 orundan 239 orna eýe bolup, bu ýagdaý oňa beýleki partiýalar goşulmazdan özbaşdak hökümet düzmäge mümkinçilik berýär. Ýurduň parlamentinde 231 ses absolýut köpçülik hasaplanýar.
“Raýat bileleşigi” partiýasy 27,4 göterim (130 orun) ses alyp, ikinji orna eýe boldy. Çepçi demokratik bileleşigi 11,9% (42 orun), “Daýhan” partiýasy 9,6% (34 orun) we “Erkinlik we garaşsyzlyk konfederasiýasy” milli hereketi 6,4% (13 orun) sese eýe boldy.
“Kanun we adalat” partiýasy 2015-nji ýyldan bäri hökümeti dolandyryp gelýär. Resmi maglumatlara görä, Polşada ses bermäge 30 milliondan gowrak adamyň hukugy bar. Saýlawlary geçirmek üçin ýurtda 27415 sany, ýurduň daşynda hem köp sanly saýlaw uçastogy açyldy. Olarda 234,5 müň sany saýlaw komissiýasynyň agzalary işlediler.