Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň se­na­gat taý­dan has-da kuw­wat­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da giň ge­rim­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, se­na­gat önüm­çi­li­gin­de ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Bu ugur­da, hu­su­san-da, dok­ma se­na­ga­ty­nyň pa­ýy has ýo­ka­ry­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da se­na­gat pu­da­gyn­a telekeçiler hem iş­jeň çe­ki­lip, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly se­na­gat önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan bu pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň hor­ma­ty­na her ýylyň okt­ýabr aýy­nyň üçün­ji ýek­şen­be­sin­de bel­le­niljek Se­na­gat iş­gär­le­ri­niň gü­ni hök­mün­de hü­när baý­ram­çy­ly­gy dö­re­dil­di.
Ýur­du­my­zyň se­na­gat pu­da­gyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ser­gi­sin­de iş­jeň gör­ke­zil­di. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Se­na­gat iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­myň işi­ne Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň we beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň hem-de de­giş­li mi­nistr­lik­ler­dir pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy pu­da­gyň bu ugur­da iş alyp bar­ýan fir­ma­la­ry­nyň önüm­le­ri hem ser­gä ge­len­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Şeý­le hem bu hal­ka­ra fo­ru­my mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türkmenistany 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, se­na­gat hem-de kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň bir bi­te­wi top­lu­my­ny eme­le ge­tir­di. Ser­gi­de gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň hi­mi­ýa hem-de dok­ma se­na­ga­ty, ne­bit­gaz, ulag, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi we azyk se­na­ga­ty ugur­la­ry­nyň ösü­şi be­ýan edil­di. Hal­ka­ra ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky Aş­ga­badyň dok­ma top­lu­my­nyň ön­dür­ýän eko­lo­giýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri gör­ke­zil­di. Glo­bal eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat­da hem bu ug­ra üns ber­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Ser­gi di­war­ly­gyn­da­ky “il­kin­ji or­ga­ni­ki önüm” di­ýen bel­gi bi­len, hiç hi­li hi­mi­ki se­riş­de, plas­tik ýa-da bo­ýag ula­nyl­ma­dyk 100 gö­te­rim or­ga­ni­ki dok­ma önüm köp­le­riň ün­sü­ni çek­di.
Mun­dan baş­ga-da ser­gi­niň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat mo­del­ler öýü­niň di­zaý­ner­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan hem-de ýur­du­my­zyň dok­ma top­lum­la­ry­nyň sy­nag önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri­niň tä­ze ly­bas­lar top­lum­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Şeý­le-de, Fran­si­ýa­nyň “Mai­son Caud­ron” mo­da­lar öýü­niň we Öz­be­gis­ta­nyň di­zaý­ner­ler öýü­niň we­kil­le­ri hem öz ly­bas­la­ry­ny gör­kez­diler.

Nurmyrat ZÜLPIÝEW,
Türkmenistanyň serhet institutynyň
uly mugallymy.