San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kon­sep­si­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak bu gün­ki gün mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da hem döw­re­bap til­si­mat­lar­dan we teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ýer­lik­li peý­da­lan­mak we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­my­zy art­dyr­ma­ga gö­nük­dir­mek şu gü­nüň gaý­ra­go­ýul­ma­syz me­se­le­le­ri­dir. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, önüm­çi­li­ge yl­my iş­le­ri or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, pu­dak­la­ryň işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len has-da ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan “Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” ama­la aşyr­ma­ga gi­ri­şil­di. Bu res­mi­na­ma 7 bö­lü­mi öz içi­ne alyp, olar­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ul­ga­my, kon­sep­si­ýa­nyň mak­sat­la­ry hem-de we­zi­pe­le­ri, ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň ugur­la­ry we gu­ral­la­ry, ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Kon­sep­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi gat­naş­dy, ol ýur­du­my­zyň yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek üçin dö­re­dil­di.
Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik ýur­duň ösü­şi, oza­ly bi­len, ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­nyň ösüş de­re­je­si bi­len kes­git­len­ýär. Şun­da jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tu­al müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­mak, yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak de­giş­li ugur­da esa­sy ýag­daý­lar bo­lup, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, düýp­li we ama­ly bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len gös-gö­ni bag­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek işin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol mag­lu­mat­ly bi­lim gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge hem-de bi­li­mi ös­dür­me­giň äh­li tap­gyr­la­ryn­da ony okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mä­ge, jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tu­al kuw­wa­ty­ny baý­laş­dyr­ma­ga, bi­lim ber­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Döw­re­bap yl­my bi­lim­ler hal­ka­ra yk­dy­sa­dy, me­de­ni, teh­no­lo­gik gi­ňiş­li­ge go­şul­mak bi­len, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Hut şo­nuň üçin hem mil­li Li­de­ri­miz san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den do­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly ata Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ni has art­dyr­ma­gy we ýaş nes­liň kä­mil bilim al­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy­ny we­zi­pe edip goý­dy. Mu­nuň özi gün­be-gün­den da­ba­ra­sy be­len­de gal­ýan eziz Di­ýa­ry­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ni ke­pil­len­dir­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň ruh­lan­dy­ry­jy­sy bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris.

Me­ret­gül TA­GAN­MY­RA­DO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ka­fed­ra
mü­di­ri, uly mu­gal­lym.