Bank senagaty bir ýerde durman, yzygiderli kämilleşýär, müşderilerine täze hyzmatlary hem-de mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ugur dünýäniň iň innowasion ulgamlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň global banklary bäsdeşlerinden yza galmazlyk üçin hemişe kämilleşmäge we ösmäge tagalla edýärler. Maslahat beriş merkezleri – “IPRDaily”-niň we “incoPat Invention Index Research Center”-iň bilermenleri patent almak üçin ýüz tutanlaryň sany boýunça banklaryň reýtingini düzdüler. Reýtingde öňe saýlanýan 100 bankyň 43 göterimini hytaý banklary eýelediler. Aşakda geçen ýyl patent almak üçin özlerine köp ýüz tutulan 10 bank baradaky maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
“Agricultural Bank of China” – Hytaý.
“Agricultural Bank of China” banky Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşip, dünýäniň iň iri banklarynyň biri bolup durýar. Bankyň ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýär. Hytaýyň çäklerinde bankyň 23 600-den gowrak bölümi we 19 700 amaly ofisi bolup, ýene-de onuň 8 bölümi we iki wekilhanasy ýurduň çäklerinden daşarda işleýär.
“Royal Bank of Canada” – Kanada.
“Royal Bank of Canada” – Kanadanyň iri banklarynyň biri bolup, şol bir wagtyň özünde ýurduň iň uly kompaniýalarynyň hem biridir. “Royal Bank of Canada” hususy we täjirçilik bank işleri, pul serişdeleri bilen dolandyryş, ätiýaçlandyryş, maýa we depozit hyzmatlary, kapital bazary ýaly bölümlerden ybarat bolan dünýä derejesindäki konglomeratdan ybaratdyr.
“Industrial and Commercial Bank of
China” – Hytaý.
“Industrial and Commercial Bank of China” – Hytaýyň iri täjirçilik banklarynyň biridir. Ol “Bank of China”, “Agricultural Bank of China” we “China Construction Bank” ýaly ýurduň iri döwlet banklary bilen birlikde “Uly dörtlügi” emele getirýär. Paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy döwletiň birnäçe maýa goýum kompaniýalary arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetine degişli bolup durýar. Umuman, ICBC-niň 500 müňden gowrak paýdary bar. ICBC Hytaýyň bank ulgamynyň bäşden birine gözegçilik edýär. Bankyň 17 460-dan gowrak bölümi bolup, olarda 453 048-den gowrak adam zähmet çekýär.
“The People’s Bank of China”
– Hytaý.
Hytaýyň halk banky – Hytaý Halk Respublikasynyň merkezi banky bolup, ýurduň hökümetiniň ýolbaşçylygynda öz borçlaryny ýerine ýetirýär. Bu bank ýurduň Týanszin, Şenýan, Nankin, Szinan, Uhan, Guançžou, Çendu, Şanhaý we Sian ýaly şäherlerinde 9 sany sebit şahamçalaryny açdy. Şonuň ýaly hem bankyň daşary ýurtlarda wekilçilik edýän ofisi bar. Hytaýyň halk bankynyň jemi 18 sany bölümi bar.
“Toronto-Dominion Bank” – Kanada.
“Toronto-Dominion Bank” – Kanadanyň ikinji iri maliýe holdingi bolup, (“Royal Bank of Canada”-dan soňra) bank işleri, ätiýaçlandyryş we maliýe hyzmatlaryny hödürleýär. Bankyň ygtyýarynda 2500 töweregi bölüm we 5300 töweregi bankomat bolup, işgärleriniň sany doly iş gününiň ekwiwalentinde 81 müňe deňdir.
“WeBank” – Hytaý.
2015-nji ýylda Hytaýyň internet-konglomeraty “Tencent Holdings” ýurtda ilkinji onlaýn-banky ýola goýdy. Ol “WeBank” adyna eýe bolup, meşhur söhbetdeşlik applikasiýasy “Tencent WeChat” bilen barabar hasaplanýar. Bankyň bölümleri we bankomatlary ýok. Ähli amallar diňe mobil programmalarda ýa-da “Wechat”-yň akkauntlary arkaly amala aşyrylýar. “WeBank”-yň üstünligi, esasan, maglumatlaryň uly gorlaryny gaýtadan işlemek babatda iş alyp barýan “Tencent Holdings”-iň tehnologiýalarynyň saýasynda mümkin boldy.
“JPMorgan Chase” – ABŞ.
“Bank of America”, “Citigroup” we “Wells Fargo” bilen birlikde ABŞ-nyň banklarynyň “Uly dörtlügini” düzýär. Maýa goýum bank hasaby arkaly dolandyryş, hususy şahslara we kiçi biznese maliýe hyzmatlaryny hödürlemek, täjirçilik bank işleri, maliýe tranzaksiýalaryny geçirmek we hususy serişdeleri dolandyrmak bu bankyň wezipesiniň esasy ugurlary bolup durýar. Ol iň iri depozit banklaryň biri bolup, onuň depozit hususy serişdeleriniň möçberi 23,5 trillion dollara, administrirlenen hususy serişdeleriniň mukdary bolsa, 4,1 trillion dollara, dolanyşykdaky hususy serişdeleriniň möçberi 2 trillion dollara deňdir.
“China Construction Bank” – Hytaý.
“China Construction Bank” — Hytaýyň iň iri banklarynyň biridir. “China Construction Bank” ulgamynyň Hytaýyň çäklerinde 14 925 bölümi, şeýle hem Gonkong, Singapur, Frankfurt, Ýohannesburg, Tokio, Seul, Sidneý, Taýpeý, Nýu-Ýork we Hoşimin ýaly şäherlerde 10 bölümi işläp, “CCB Principal Asset Management” (hususy serişdeler arkaly dolandyryş hyzmaty), “CCB Financial Leasing” (karz pul berme), CCB Trust (trast gaznasy), “CCB Life” (ätiýaçlandyryş), “Sino-German Bausparkasse” (hytaý-nemes gurluşyk kooperatiwi), “CCB Asia” (Aziýa), “CCB London” (Beýik Britaniýadaky şahamçasy), “CCB Russia” (Russiýadaky şahamçasy), “CCB Dubai” (Dubaýdaky şahamçasy) we “CCB International” ýaly birnäçe özbaşdak banklary bar.
“Bank of China” – Hytaý.
“Bank of China” – Hytaýyň maliýe topary bolup, ozaldan işläp gelýän banklaryň esasynda döredildi. Onuň ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýär. Bankyň esasy iş ýörelgesi – täjirçilik boýunça bank işleri bolup, onuň 90 göterimini amaly girdejileri düzýär. Bu ugur kooperatiw bank işleri (42 göterim), hususy bank işleri (33 göterim), hem-de gazna amallary (15 göterim) ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu bank, esasan, Hytaýyň ähli sebitlerinde diýen ýaly işleýär. Gonkongyň, Makaonyň we Taýwanyň paýyna hususy serişdeleriň 17 göterimi we amaly girdejileriň hem 23 göterimi düşýär. Topar dünýäniň 53 ýurdunda 545 bölümi bolup, esasan, Kanada, Beýik Britaniýa we Singapur ýaly ýurtlarda işjeňligini artdyrýar.
“Bank of America” – ABŞ.
“Bank of America” ABŞ-nyň maliýe konglomeraty bolup, hususy hem-de ýuridik şahslara giň gerimli maliýe ýardamyny berip, hususy serişdeleriniň hasaby boýunça ABŞ-da iň iri bank holding kompaniýalarynyň biridir. “Bank of America” ýurduň 50 ştatynda, şeýle hem dünýäniň 35 ýurdunda işläp, onuň 47 müň bölümi, 213 müň işgäri we 16 müň bankomaty bar.