14-nji okt­ýabr­da Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da No­be­liň yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça ba­ýra­gy­nyň eýe­le­ri mä­lim edil­di. Ol şu ýyl ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­nle­ri­ne be­ril­di. Olar ame­ri­kan yk­dy­sa­dy­ýet­çi­si Ab­hi­jit Ba­ner­ji, fran­suz yk­dy­sa­dy­ýet­çi­si Es­ter Duf­lo hem-de ame­ri­kan yk­dy­sa­dy­ýet­çi­si Maýkl Kre­mer. Baý­ra­gyň eýe­le­ri 10-njy de­kabr­da sy­lag­la­ny­lar.

Rus­si­ýa­nyň üç sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bi – Mosk­wa­nyň döw­let uni­wer­si­te­ti, Sankt-Pe­ter­bur­gyň döw­let uni­wer­si­te­ti we No­wo­si­birsk uni­wer­si­te­ti Gün­do­gar Ýew­ro­pa­nyň hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň iň go­wy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di. Olar bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy “Quacqua­rel­li Sy­monds”-iň iň go­wy uni­wer­si­tet­ler ba­ra­da­ky tä­ze reý­tin­gi­niň ba­şy­ny çek­di.

Ne­pal we Hy­taý öz döw­let­le­ri­niň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän Ewe­rest da­gy­nyň be­ýik­li­gi­ni bi­le­lik­de öl­çe­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Onuň tä­ze­den öl­çel­me­gi­ne geo­log­la­ryň Ne­pal­da 2015-nji ýyl­da bo­lup ge­çen ýer­tit­re­me­den soň­ra, onuň be­lent­li­gi­niň pe­se ga­çan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry se­bäp bol­dy. Ewe­res­tiň hä­zir­ki yk­rar edi­len be­ýik­li­gi 8 müň 848 metr­dir.

Awst­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wan der Bel­lan Awst­ri­ýa­nyň Halk Par­ti­ýa­sy­nyň (AHP) Li­de­ri Se­bast­ýan Kur­sa Mil­li ge­ňe­şiň (par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy) wag­tyn­dan öň ge­çi­ri­len saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça hö­kü­met düz­me­gi tab­şyr­dy. Awst­ri­ýa­da 29-njy sent­ýabr­da wag­tyn­dan öň Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip, on­da AHP 37,5 gö­te­rim ses bi­len ynam­ly ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.

Mi­gel Di­as-Ka­nel halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň (Par­la­ment) ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan 10-njy okt­ýabr­da bi­ra­gyz­dan Ku­ba­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Ses be­rli­şik ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­nyň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da ge­çi­ril­di.