Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy iri pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň energetika syýasaty ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň we syýasy durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň işini döwrebap derejede guramak, pudaga häzirki zaman tehnologiýalarynyň çekilmegi, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ygtyýarly iberilmegi, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlarynyň döredilmegi ugrunda iri taslamalar durmuşa geçirildi we häzir hem bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlenilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçirildi. Şu hepdäniň dowamynda, ýagny 22-24-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda bolsa, “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2019” atly XXIV halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Nebitgaz pudagyna degişli yzygiderli geçirilýän bu halkara forumlarda iň soňky maglumatlar beýan edilýär, seljeriş synlary ýetirilýär hem-de ýurdumyzda gaz senagatyny ösdürmek boýunça nobatdaky ädimler kesgitlenilýär. Ýangyç-energetika pudagynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly mümkinçilikleri döredýän bu forumlara uly gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa, köp babatda häzirki wagtda, beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäde ýangyç serişdelerini sarp etmegiň düzüminde tebigy gazyň paýynyň gyşarnyksyz artýandygy bilen düşündirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Şu gezekki geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2019” atly XXIV halkara sergisi we maslahaty hem ýokarda aýdylanlaryň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Halkara nebitgaz forumy dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekden ybarat boldy. Onuň işine dünýäniň köp sanly döwletinden gelen alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çärä gatnaşýanlaryň geriminiň has alyslara uzap gitmegi, ýurdumyz bilen strategik taýdan möhüm bolan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň köpdüginiň aýdyň subutnamasydyr.
Her ýyl geçirilýän bu abraýly forum nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Şu ýyl hem türkmen firmalary bilen bir hatarda bu ulgamdaky öz önümlerini hem-de döwrebap hyzmatlaryny “British Petroleum”, “Shell International B.V”, “CNPC”, “Buried Hill”, “PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.”, “Dragon Oil”, “Vitol”, “SOСAR”, “Gaffney, Cline& Associates”, “Yugneftegaz”, “Oracle Netherland B.V.” ýaly dünýäniň iri kompaniýalary görkezdiler. Nebitgaz pudagynda işleýän bu iri kompaniýalarynyň wekilleri serginiň işine gatnaşmak mümkinçiligine diňe bir öz önümlerini görkezmek üçin däl, eýsem, işewür gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi hökmünde hem garaýarlar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda gazhimiýa ulgamynda täze ugurlaryň üstünde işlenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary goşulan bahasy bolan gazhimiýa önümleriniň bazarynda mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berer. Plastik, sintetik süýüm, iri göwrümli organiki önümler, sintetik ýuwujy serişdeler we beýlekiler hut şu ugra degişlidir. Sergide hem-de maslahatda bu ugurda gazanylan üstünlikler barada hem durlup geçildi.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika diplomatiýasy nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalaryny döretmek ugurlaryna gönükdirilendir.
Amanbike MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.