Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudonyň ýolbaşçylyk edýän dolandyryjy Liberal partiýasy 21-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda 37,5% ses bilen ýeňiş gazandy. Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy 34,3% ses bilen ikin­ji or­ny, “Kwe­bek bi­le­le­şi­gi” 8,7% ses bilen üçün­ji or­ny eýe­le­di.

20-nji okt­ýabr­da Mol­do­wa Res­pub­li­ka­syn­da ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Res­pub­li­ka­nyň ra­ýat­la­ry şä­her we oba ýol­baş­çy­la­ry­nyň 898-si­ni hem-de ýer­li halk de­pu­tat­la­ry­nyň (şä­her, et­rap we oba ge­ňeş­lik­le­ri) 11 müň­den gow­ra­gy­ny saý­la­dy­lar. Ýurt­da 2,8 mil­li­on saý­law­çy­nyň ses ber­mä­ge hu­ku­gy bar.

23-24-nji okt­ýabr­da Rus­si­ýa­nyň So­çi şä­he­rin­de “Rus­si­ýa-Af­ri­ka” sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Sam­mi­te Af­ri­ka yk­ly­my­nyň 40-dan gow­rak li­der­le­ri gat­naş­dy­lar. Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de yk­ly­myň inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa goý­mak, oba ho­ja­ly­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sanly yk­dy­sa­dy­ýet ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy. Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa bi­len Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şygy iki es­se ar­typ, 20 mil­liard dol­la­ra ýet­di.

Tu­ni­siň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ka­is Sa­id 23-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­syn­dan soň, res­mi taý­dan we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. 13-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ryn­da 61 ýaş­ly hu­kuk bo­ýun­ça pro­fes­sor ses­le­riň 72,71 gö­te­ri­mi bi­len ynam­ly ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Tu­ni­siň Pre­zi­den­ti bäş ýyl­lyk möh­let bi­len saý­lan­ýar.

“For­bes” žur­na­ly soň­ky ýyl­la­ryň için­de ösü­şi­niň hil taý­dan ýo­ka­ry de­rej­ele­re çy­kan Rus­si­ýa­nyň 10 şä­he­ri­niň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Sa­na­wyň ba­şy­ny Niž­niý Now­go­rod şä­he­ri çek­di. Ikin­ji orun­da Sankt-Pe­ter­burg, üçün­ji orun­da Ka­zan, dör­dün­ji orun­da Ýe­ka­te­rin­burg, bä­şi­nji orun­da Wla­di­wos­tok gel­ýär. On­lu­ga Kras­no­ýarsk, Tu­la, Ýa­ros­lawl, Kost­ro­ma we Ir­kutsk gir­ýär.