Boliwiýanyň Prezidenti Ewo Morales Aýma 47,7% ses bilen 21-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Onuň baş bäsdeşi Karlos Mesa sesleriň 36,51%-ine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw komissiýasy mälim etdi. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgäriň 50%-den gowrak sesi gazanmagy gerek ýa-da bäsdeşinden 10% öňe saýlanmaly. Ewo Moralesiň bu netijäni gazanyp bilenligi üçin ses berlişigiň ikinji tapgyryny geçirmek meýilleşdirilmeýär. Ýokary döwlet wezipesi üçin 9 dalaşgär bäsleşdi. Esasy bäsdeşlik häzirki Prezident Ewo Morales bilen 2003-2005-nji ýyllar aralygynda döwlet Baştutany bolan Karlos Mesanyň arasynda ýaýbaňlandy. Ýurduň raýatlary döwlet Baştutanyndan başga, köp milletli kanun çykaryjy Assambleýanyň (parlament) 130 deputatyny hem-de 36 senatoryny saýlady.