20-nji okt­ýabr­da In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Jo­ko Wi­do­do ka­sam ka­bul edip, we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ol özü­niň ikin­ji Pre­zi­dent­lik möh­le­tin­de adam re­surs­la­ry­ny we inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, mil­li mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak­da ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­re üns ber­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Jo­ko Wi­do­do ýur­duň Par­la­men­ti­niň bi­na­syn­da ge­çi­ri­len ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da 2045-nji ýy­la çen­li ýur­dy ös­dür­me­giň baş ýö­rel­ge­si­ni ama­la aşyr­mak­da adam re­surs­la­ry­ny ös­dür­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Ol In­do­ne­zi­ýa­nyň ila­ty­nyň her ýyl­da jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­le­ri­niň 320 mil­li­on ru­pi­ýa­dan (22,6 müň dol­lar tö­we­re­gi) ýa-da aý­da 27 mil­li­on ru­pi­ýa­dan (1,9 müň dol­lar tö­we­re­gi) yba­rat bol­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
– Bu mak­sa­da la­ýyk hem-de ama­la aşy­ryp bol­jak zat. Biz ony ber­jaý et­mek üçin ta­gal­la­la­ry­my­zy gaý­gyr­ma­ly däl­di­ris, bäs­deş­li­giň giň ge­rim bi­len ös­ýän za­ma­na­syn­da ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­li. Biz kö­ne­ ýö­rel­ge­le­riň çar­çu­wa­syn­da gal­ma­ly däl­di­ris. Bi­ziň in­no­wa­si­ýa hem taý­ýar­ly­gy­myz bol­up, ony me­de­ni­ýe­tiň bir bö­le­gi hök­mün­de ka­bul et­me­li­di­ris – di­ýip, Jo­ko Wi­do­do bel­le­di.
Jo­ko Wi­do­do adam re­surs­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip, iş orun­la­ry­ny art­dyr­ma­gy, sy­ýa­hat­çy­lyk zo­lak­la­ry­na ge­lim-gi­di­mi ýe­ňil­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu tas­la­ma­la­ryň äh­li­si gel­jek­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge düýp­li go­şant go­şar – di­ýip, ol sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Awst­ra­li­ýa­nyň, Bru­ne­ýiň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Sin­ga­pu­ryň li­der­le­ri, HHR-iň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, şeý­le hem Wýet­nam, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, ABŞ we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň we­ki­li­ýet­le­ri Ja­kar­ta­nyň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­du­lar.
Jo­ko Wi­do­do şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de 2024-nji ýy­la çen­li ikin­ji möh­le­te saý­lan­dy. Şol saý­law­lar­da Jo­ko Wi­do­do ses­le­riň 55,5%-ine onuň ýe­ke-täk bäs­de­şi Pra­bo­wa Su­bi­an­ta bol­sa, ses­le­riň 44,5%-ine eýe bo­lup­dy. 266 mil­li­on­dan gow­rak ilat­ly ýur­duň 193 mil­li­on ila­ty bu saý­law­lar­da ses ber­di. Jo­ko Wi­do­do bi­rin­ji Pre­zi­dent­lik we­zi­pe­si­ne 2014-nji ýy­lyň 20-nji okt­ýab­ryn­da gi­ri­şip­di.
In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän döw­let bo­lup, ila­ty bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji or­ny eýe­le­ýär. Ýur­duň paý­tag­ty Ja­kar­ta şä­he­ri­dir. Bu döw­let 34 sa­ny do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­ne bö­lün­ýär. Ýurt Ma­laý ar­hi­pe­la­gy ada­la­ryn­da ýer­le­şip, onuň ke­nar­la­ry­ny Ýu­waş we Hin­di um­man­la­ry ýuw­ýar. Ýurt 1945-nji ýy­lyň 17-nji aw­gus­tyn­da ga­raş­syz­ly­gy­ny jar et­di.