Ýewropa Bileleşiginiň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammitinde Kristin Lagard Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine tassyklandy. Ol şu ýylyň 1-nji noýabrynda Mario Draginiň ýerine geler. Bu barada Brýusselde geçirilen sammitiň jemleýji beýanatynda mälim edilýär. Mario Dragin 2011-nji ýyldan bäri Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesini eýeläp gelýärdi.
Ýewropanyň Merkezi banky 1998-nji ýylda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we ýewro zolagyň döwletleriniň walýuta-maliýe syýasatyny sazlamak maksady bilen döredildi.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň 2-nji iýulda geçiren maslahatynda Lagardyň Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine dalaşgärdigi tassyklandy. Şonda Lagard Halkara Pul Gaznasynyň dolandyryjy direktory wezipesini ýerine ýetirmegi wagtlaýyn bes edýändigini, 16-njy iýulda bolsa, wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi. Bu karar 12-nji sentýabrda öz güýjüne girdi.
Ýewropanyň Merkezi bankynyň häzirki başlygy Mario Dragidir. 63 ýaşly Kristin Lagard Fransiýanyň ykdysadyýet we maliýe ministri wezipesini eýelän ilkinji zenandyr, soňra ol Halkara Pul Gaznasyna ýolbaşçylyk etdi.