Dün­ýä­niň iň esa­sy aw­tou­lag ser­gi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Že­ne­wa aw­tou­lag ser­gi­sin­de her ýyl­da “Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aw­tou­la­gy” baý­ra­gy gow­şu­ryl­ýar. In­di­ki ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ril­jek ser­gi­de gow­şu­ryl­jak baý­ra­gyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Sa­na­wa 35 mo­del gi­ri­zil­di. No­ýab­ryň ahy­ryn­da tä­ze sa­naw dü­zü­lip, on­da 7 sa­ny mo­del bo­lar. Ge­çen ýyl bu sa­na­wyň il­kin­ji­si­ne 38 mo­del gi­ri­zi­lip­di. Şeý­le hem bu ýyl­ky sa­naw­da en­tek ta­nyş­dy­ryl­ma­dyk “2020 Volks­wa­gen Golf” hem bar. 2019-njy ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy aw­tou­la­gy baý­ra­gy­ny “Ja­gu­ar I-Pace”, ge­çen ýyl “Volvo XC40” alyp­dy. Bu ge­zek­ki sa­na­wa “Audi”, BMW, “Fer­ra­ri”, “Ford”, “Kia”, “Maz­da”, “Mercedes-Benz”, “Nis­san”, “Opel”, “Peu­ge­ot”, “Porsche”, “Ran­ge Rover”, “Re­nault”, “Sko­da”, “Ssan­gYong”, “Su­ba­ru”, “Tes­la” we “Toyo­ta” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň dür­li mo­del­le­ri gi­ri­zil­di. Ola­ryň ara­syn­da elekt­ro­kar­lar hem bar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, her ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de tä­ze mo­del­le­riň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry hem gu­ral­ýar.