Belgiýanyň Premýer-ministri Şarlz Mişeliň başga işe geçýänligi sebäpli, hökümetiň býujet meseleleri boýunça ministri Sofi Wilmes wagtlaýyn Premýer-ministr wezipesine bellendi. Şeýlelikde, ol ýurduň taryhynda ilkinji zenan Premýer-ministr boldy. Bu karar ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda kabul edildi.
Golaýda Şarlz Mişel Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti wezipesine işe geçýändigi bilen baglanyşykly Premýer-ministriň wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi. 44 ýaşly Sofi Wilmes ýurduň täze Premýer-ministri hökmünde kasam kabul etdi. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, Ýewropa Komissiýasynda işleýär, 4 ýyllap Belgiýanyň hökümetinde federal ministr bolýar. Onuň ýokary döwlet wezipesinde näçe wagtlap galjakdygy barada heniz anyk maglumat ýok. Ýöne häzirki wagtda dowam edýän gepleşiklere görä, Sofi Wilmes bileleşen täze hökümetiň Premýer-ministri bolmagyna garaşylýar.